“Samsung”-dan ozup birinji boldy
“Canalsy” atly şereketiň taýýarlan maglumatlaryna görä, “Huawei” kompaniýasy smartfon satuwynda “Samsung”-dan ozup birinji boldy. Bu barada taýýarlanan maglumatda 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde 55,8 million smartfon satan hytaý brendi bu ugurda dünýäde birinji orna çykdy. Degişli döwürde “Huawei”-iň koreýaly bäsdeşi 53,7 million telefony müşderilerine iberipdir. Şeýlelikde az aratapawut bilen “Huawei” öňe geçdi. Agzalýan döwürde “Samsung”-yň satuwy 30 göterime golaý, “Huawei”-iň satuwy 5 göterim töweregi azalypdyr.

Tehnologiýa, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir