Ýewropa ýaşlaryň arasynda COVID-19 bilen keselleme sany artýar
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, Ýewropa ýurtlarynda karantin çäreleriniň ýuwaş-ýuwaşdan aýrylmagy we gowşadylmagy diňe bir ýokanjyň täze ojaklarynyň ýüze çykmagyna getirmek bilen çäklenmän, eýsem, COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň ýaş derejesiniň üýtgemegine hem getirdi, diýip Euronews habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda keselleýänler garry adamlar däl-de, tersine, 40 ýaşyna ýetmedikler bolup durýar. Hünärmenler munuň sebäbini ýaşlaryň özlerini alyp baryşlary we olaryň howpsuzlyk çärelerini mydama berjaý edip durmaýandygy bilen düşündirýärler.
BSGG-niň Ýewropa sebit müdiri Hans Klýuge metbugat üçin bildiriş etdi:

“Örän ünsli bolmak gerek, sebäbi eger-de ýaş adamlar wirusy ýaýradyjylar bolsa, olaryň köp adamlar, şol sanda howp astyndaky topara girýän adamlar bilen hem gatnaşyk etmegi mümkin. Şonuň üçin ähli ugurlarda internet, bloglar arkaly iş alyp barmak we howp barada düşündirmek gerek, ýöne bu adamlary ýazgarmaly däl-de, diňe olaryň wirusy geçirijidiklerini düşündirmeli, sebäbi ýazgarmaklyk gowy zadyň üstünden eltmeýär, tersine, netijeliligiň garşysyna hereket edýär”.

Ýaşlaryň arasynda keselleýänleriň sanynyň köpelmegi tutuş Ýewropa yklymy üçin häsiýetli hadysadyr. Bu kesellileriň umumy sanynyň peselýän, ýöne ýaşlaryň arasynda wirusy ýaýradyjylaryň sanynyň ýokarlanýan ýerlerine, meselem, Şwesiýa ýaly ýurtlara hem degişlidir. Irlandiýada häzirki wagtda ýaşy 45-den kiçi bolanlaryň arasynda tassyklanan COVID-19 ýagdaýy 60%-den hem ýokary.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir