MYNASYPMY? BARLADYK?

Ir-säher, guşlarlaryň jürküldisi, güneşiň mylaýym ýylgyrşy, myýmyk şemal, gamly oglan Umydyň göwnüni galkyndyranok. Söýgi!? Ýooook söýgidäl. Ýöne bu oglan aramlyk(normalny) maşgalada dogulansoň öý-hojalyklary gatybir öwerlikdäl. Has dogrysy biraz garybyrak. Maşgalasynda gyz jigisi we ejesi bilen gün-güzeranyny ýarym-aýlap, gazanç, eklenç bilen başagaý bolan ýigidiň kellesinde söýgi nämişlesin!? Ol bolmaşynada gullukdan ýaňy gelen. Belki ýüreginde beslän gyzy bardyr. Mümkin. Ýöne wakamyz bu zatlar barada däl. Şeýle durmuşda ýaşasada Umyt birjigem ejizlemän, başyny dik tutýar. Şeýdibem gün-güzeranyny hasda beter gowlandyrmak üçin Umyt hergün gapyma-gapy aýlanyp, firmadyr-magazinlere, kärhalardyr-ymaratlara baryp özüne iş gözlenýär. Ahyry hem bir magaziniň gapysynda Umydyň maňlaýyndan bir iş tapyldy, aýlygy öwerlikdäl ýöne gömerligemdäl. Agşamky garawul. Işe girdi. Gülýaly gatnap başlady. Şeýle günleriň birinde, okuwa taýynlanmak üçin iş ýerinde kitapdyr depderlere gümra bolup otyran Umydyň ýanyna bir it geldi. Ýapyk jaýda, hemmeler gaýdanyndan soň garaňkylykda nähilidir bir "IT". Umyt:
ㅡ Oho, ýeri gel. Item bolsaň myhmanym bol. Näme eýäň seni ýatdan çykaryp gitdimi?ㅡdiýip iti sypalajak boldy. It it hem bolsa asylly eken, Umydyň el uzadyp sypalamagyna garşy bolup durmady. Umyt ite öz naharyndan berdi, ýatara ýer goýdy, özi bolsa kitaplara güýmendi. It bilen, kitaplara güýmenip agşamyň nähili geçenihem duýmadyk Umyt ertesi ir bilen, başlygy gelmänkä iti çykaryp, daşaryk göýbermek isledi. Itiň ýatan ýerine bardy, it ýok "Belki gidendir" diýen pikiri edip Umyt işini tabşyryp öýüne dolandy. Bu ýagdaý birnäçe gün gaýtalandy. Şeýdip günler geçip dur. Şeýle adaty günleriň birinde ýene işe gelip, gapylary gurplap asuda oturan Umydyň asudalygyny, magaziniň gapysynyň güýçli kakylmagy bozdy. Howsalaly gapyny açan ýigidiň öňünde bir ýaş gyz:
ㅡ Salam, giç ýagşy
ㅡ Salam, gelen ýagşy...
ㅡ Aaaa neme, men şu ýerlerde ýolda ýöräp gelýärkäm, garaňkyda çukury görmän oňa ýykyldym, onsaň ine ㅡ diýip gyz üsti-başy sallam-sajak, ýyrym-ýyrtyk hapa köýnegini görkezip, sözüni dowam etdi: ㅡ Men şu golaýdaky opşitde bolýan. Agşam sagat 22:00-dan soň gapyny gulpaýalar. Onsaň meň barara ýerim bolmansoň, ýelkideeee ㅡ diýip gyz ýygrylyp utandy. Umyt bolsa gyzy magazina saljagynam, salmakagyna bilmän aljyrady. Aljyramaz ýalam däl, gyza kömek gerek, ýöne gyzy magazina salsa muny hem başlygy bilse, onda ýigit işden kowulmagam mümkin. Şu zatlardan howatyrlanyp Umyt töwekgellik edip:
ㅡ Aaa howwa, elbetde. Giriň giriň. Geliň geçiň-diýip gyzy içeri saldy. Gyzy öz oturýan otagyna ugrukdyrup, oňa ýyly eşiklerinden uzatdy. Gyz: ㅡ Ýok ýok, sagboluň, birhili men yssylaýan. Mmmm bu ýerde ýuwunulýan otag barmy? Men bu görnüşim bilen siziň komnadyňyzy hapalamagym mümkin!? ㅡ diýip gyz eýlesine-beýlesine garanjaklady. Umyt:ㅡWi howwa, bar, ana şol koridordan iň soňky çepki gapy ㅡ diýip gyza aýtdy. Gyz şol komnata ýöredi. Nirdendir bir ýerlerden düýnki it hem çykdy. Ol it gelip, Umydyň otyrýan komnatynyň, gapysynyň öňünde otyryberdi. Muny gören Umyt güler ýüz bilen:ㅡ Heýýý sen ýene geldiňmi!? Gel gel, ýogsada seň adyň ýokmy ㅡ diýip Umyt iti güler ýüz bilen garşy alyp, itiň iki gulagyny sypalap, oň boýnundaky aşennikden(itiň boýnuna dakylýan zynjyr, koža, remen) itiň adyny gözledi. Aşennigem ýok, ady hem. Şonda Umyt az wagt pikirlenip: ㅡ Oh seň adyňam ýok ýalyla. Men saňa "Baddi" diýsem bolara!? Garşy bolmarsyňa Baddi? ㅡ diýip iti öz komnatyna saldy. Şolwagt hälki gyz hem ýuwunulýan otagdan çykdy. Ol gyz Umydyň ýanyna golaýlanynda Umyt oňa:
ㅡ Neme, ýatara başga jaýlara sowugrak, siz diwanda ýatyberiň, men ýatmaly däl. Irden sizi näçede oýarmaly?
ㅡ Aýý 6 töweregi oýaraýyň...
ㅡ Bolýa, nämedir birzatlar iýermisiňiz...
ㅡÝok ýok, minnetdar. Men size uly ýük boldum öýdýän!?
ㅡ Ýokla, aýdýanyňyz näme!? Meň ýerime sizem şeýle ederdiňiz!? Ýada etmezdiňiz sebäbi siz gyz! Ine geliň geçiň! - diýip Umyt gyzyň ýatmaly ýerini görkezdi. Beýle az wagtda şeýle gowy arassalanyp, üsdi-başyny arassalap, özüne timar berip ýetişişine Umyt haýran galdy. Bu gyz şeýle çalasyn eken. Gelende üsdi görerýalydäl, inni bolsa toýa ugradybermeli. Özühem sanaýmalyja minut bolandyr.
Geň.
Gyz emaý bilen görkezilen ýere geçip, ýuwaşlyk bilen otyrdy, soňra bolsa ýassyga kellesini goýdy. Garaja gözlerini ýummagyndaň öň bolsa: ㅡ Üsdüme adeal ýa başga zat ýapmaweriň. Men derlegenräk! -diýip çala ýylgyrdy. Umyt baş atyp oňdy. Şeýdibem ýaş gyz uka gitdi. Umyt bolsa ýene adatdakylary ýaly kitaplaryna güýmendi. Şeýdip daňam atdy. Uklamaly däldigini bilsede, sagat 7:00-da çala irkilen Umyt birden tisginip oýandy. Ukudan açylmanka hopugup daş-töweregine garanjaklady. Komnatda özünden başga hiçkim ýoklugyny görüp, ýigit çaltlyk bilen gyzy gözledi. Emma gyzhem, düýnki güjük Baddi hem ýim ýitirim bolupdurlar. Umyt çaltlyk bilen dükany barlaşdyrdy. Ogurlanan zatlar barmy? Satlyk zatlar ýerbe-ýermi görüşdirdi. Hemme zat ýerbe-ýer. Has dogrysy magazindan gyl hem ellenmändir. Uludan dem alyp üstünden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňlän Umyt heziller etdi. Magaziniň eýesi geleninden soň oňa tabşyryp öýlerine begenip gaýdan Umyt, indi berkiräk bolmagy öz-özüne berk tabşyrdy. Öýlerine gelip öý işlerine gümra boldy. Gyzyň keşbi weli ýigidiň göz oňünden gitmän ýene-ýene janlandy durdy. Umytda nämçündir, agşama ýetmäge howlukmaçlygam döredi. Şeýdip ýene agşam, işe gelip, magaziniň içinde gözegçiligini dowam etdi. Düýnki ýagdaýdan gözi gorkan ýigit bugün hüşgärligini güýçlendirip, kitaplary hem soňa goýup magaziniň içine aýlanmaga başlady.
Sagat agşam 12 töweregi.
Magaziniň bir buky hem garaňky çüňkinden nähilidir bir üýtgeşik sesler gelýär. Umyt şol tarapa ýöneldi. Birden garaňkylykdan "wof" edip Baddi çykdy. Zähresi ýarylan Umyt gorkusyna towşan ýaly yza böküp ýykyldy. Baddi bolsa ýagdaýy duýan ýaly baryp Umydyň ýüzüni ýalady. Umydyň göwnüne bolmasa Baddi ýylgyrýan ýaly, heh, Umydyň bu boluşuny başga bir adam gören bolsaha ýykylyp gülerdi. Megerem Baddini güjük bolany sebäpli ýykylyp gülmän çala ýylgyraýýandyr. Öz boluşuna özi hem gülüp hezil eden Umyt öz garawul komnatyna baryp bir stakan suw içip özüne geldi. Şomahal ýene magaziniň gapysy kakyldy. Umyt Baddini alyp gapa baryp görse ýene düýnki gyz, ýylgyryp el galgadyp dur. Umyt näme pikir etjegini bilmän ýene gapyny açyp ýylgyryp:
ㅡ Salam...
ㅡ Salam, gowmusyňyz!? Düýnki duýdansyz gidenim üçin ötünç soraýaryn! Siz uklapdyňyz, a men bolsa siziň süýji ukyňyzy bozasym gelmedi. Ýene meni kabul edeniňiz üçin, sagbolsun aýtmak üçin geldim. Hehe minnetdarlyk üçin ýatlama sowgatjyga almadym, aýýý men studentda, onsaň studentdan artýan zat ýok. Iýýänimizem lapşa! - diýip gyz dogrusyndan gelip güldi. Gyzyň gönümelligine, dogruçyllygyna Umydam begendi hem olam gülkä goşuldy. Gyz ýene: ㅡ Ýeri onda bolýa, sagboluň. Hoş! ㅡ diýip gyz ýylgyryp yzyna öwrülip ýöräp Umytdan daşlaşyp başlanda, Umyt özüniň sypaýçylygyny bildirmek üçin gyza:
ㅡ Aaaa belki bir çaşka kofýa!? ㅡ diýip ýylgyrdy. Geň göräýmeli gyz hem gülüp:ㅡ Howwa eger garşy bolmasaňyz!? ㅡ diýip yzyna owrüldi. Gyz magazina girip gapyň ýanynda Umyt ýene gapyny gulplaýança garaşdy. Umyt gapyny gulplap bolandan soň ýene bile ýöräp gözegçi jaýa ugradylar...
- Dogry gyz bir-hili ýeňles görünýär, ýöne Umyt gaty sypaýy we adamçylygy gowy oglan, beýle pikir edenok. Şeýdip gyz bilen Umyt jaýa bardylar, elbetde kofe içdiler. Her zatdan gürrüň etdiler. Belki Umydyň ýerine başga oglan bolanlygynda gyza çalak-çulak degjek bolardy, gyşarlardy, uýat gürrüňler eden bolardy. Ýöne Umyt... Beýle hereketler etmekde, utanjy gyzyňkydanam beter güýçli. Umyt gyza edep-terbiýäniň aňry-başyny görkezdi. Beýle oglan gyzyň göwnünden beter turdy. Ýaşlar şeýdip ondan-mundan gürrüň edip oturuşlaryna agşam sagat 3-i bitirdiler. Umyt ýene gyzyň gidere ýeriniň ýoklugyny bilip: ㅡ Ýene sagat 6-my!? ㅡ diýip ýylgyryp sorady. Gyz hem ýylgyryşa ýylgyryş bilen jogap edip: ㅡ Ýene! ㅡ diýdi. Şeýdip gyz-oglan hersi aýry ýerde ýatyp, daňy atardylar. Gyz sagat 6-da ýene öňküsi ýaly ýitirim boldy. Bu gezek Umyt uklap galmandyr, ol ýönekeý magazini aýlanmaga gidip, yzyna dolanyp geleninde gyzyň ýoklugyny gördi. Bu gün hem Umyt işini sagaman tabşyryp öýlerine gaýtdy. Agşam-ara işe dolanyp gelip, nätanyş gyz bilen geçirilen günler bir näçe gezek gaýtalandy. Megerem 1 hepde. Şeýle günleriň birinde, adaty wagtda, sagat 12 töweregi gyz gelip ýene agşam 2-ä çenli magaziniň içinde oturanlarynda, duýdansyz gapy kakyldy. Umyt gapa gelip görse bir ulurak adam:
ㅡ Inim bir minut telefonyňdan jaň edäýeýin, bir dostum Moskwadan gelmeli weli, azaşypdyrmy nämemi, tapyşamzok. Menem şu ýerde ýaşaýaryn, telefonymy ýokarky etažda galdyryp gaýdaýypdyryn. Jaňlaşdyrsaň senem!? ㅡ diýip naýynjar haýyş etdi. Wah ýaş oglanda. Umyt pikirlenmän gapyny açdy. Ýaňky ýaşuly goşa-nilli tüpeňini gös-göni Umydyň gursagyna diräp: ㅡ 5 ädim yza çekil! - diýip hemleli aýtdy. Umyt sesini çykarman, ellerini galdyryp, yzlygyna 5 ädim çekilip sägindi. Ol adam magaziniň içine girip, gapyny ýapyp, ýene: ㅡ Gyz nirede? ㅡ diýip ýuwaşlyk bilen aýtdy. Umyt sesini çykarman aňkaryp galdy. Ol adam batly sesi bilen: ㅡ Gyz nirede gürle, ýogsa kelläňi farş edýän! - diýip haýbatly gygyryp elindäki nili(tüpeňi) sandyradyp titretdi. Şol wagt hem ol komnatdan: ㅡ Kaka! - diýip gyz okdurlyp gelip ýagdaýy görüp nämeler etjegini bilmän doňup galdy. Ol nätänyş adam gahardyr-hemleden dolup elindäki tüpeňini Umyda çenelgi saklap:ㅡ Wahhh haramzada, gyzym diýip sakladym. Ekledim. Söýdüm. Näme kemiň bar!? Innem maňa taňyrýalkasynyňmy? Nirde seň namysyň!? ㅡ diýip ýuwaşlykdan goşa-nili aşak göýberdi. Gyz hem gözlerini ýaşlap: ㅡ Kakam ynan. Umyt bilen aramyzda hiç-zat bolanok. Ol meň elimdenem tutanok! ㅡ diýip aglap kakasyny gujaklamak üçin gujagyny açyp kakasyna golaýlaşdy. Kakasy gahar bilen gygyryp: ㅡ Çekil, maňa garaňy ýokma. Senem eý, itogly, Umytmyň harammyň bilemok. Sen özüňe bir zat et. Özüňi öldür üç gün wagt berýän. Üç günden soň seni gözüm görse, seni meň özüm öldürýän düşündiňmi binamys!? Edermi etmezmi diýme. Bar ömrüm namysym gyzym. Senem... ㅡ diýip elindäki goşa-nili Umydyň äňiniň aşagynda goýup jogaba garaşdy. Umyt gorkujygyna "Bolýa" diýen äheňde baş atdy. Şeýle diýdide ol adam gyza garap: ㅡ Düş öňüme! Etegiňe-nälet bolsun! ㅡ diýip gyzy alyp gitdi. Gyz bilen kakasy gideninden soň, 15-20 minut doňňara-daş bolup durup, şoga düşen Umyt gowy ysgyndan gaçyp, zordan özüne geldi. Gapylary täzeden gulplaşdyryp, öz gözegçi-jaýyna baryp gam-laýyna batdy...
Lapykeç öýüne gaýdan Umyt öýündäki ejesine we gyz jigsine hiç-zat bildirmän, gynanç ummanyna çümdi. Oglanyň kellesinde "ýeri, men şeýdip özümi heläklesem, ejem jigim, bular nähili bolar. Ol adamyň diýenini etmän barsam olam hökman meni öldürse, ýene ejem jigim nähili bolar!?" diýen pikirler bilen öýde özüni ýere sokup ýörkä, Umydyň kellesine bir gowy pikir geldi. Eýse näme, gyz görmegeý, ol bolmaşynada Umyda höwesli, bolmasa Umydyň ýanyna höwesli gelip gatnamazdy ahyry. Bir okda iki towşandäl, köp towşan uruldy. Umyt harajatsyz halyna öýli-işikli bolar, jany halas bolar, ejesi gelinli, jigisi gelnejeli bolar. Boldy mesele çözüldi, ýöne gaty aňsat çözüldi, a siziň göwnüňize dälmi!? Şeýle arzuwlar bilen jany bilen hoşlaşjak bolan ýigit, täzeden durmuşa diş-dyrnak bolup ýapyşdy. Şol waka sebäpli agşamy ýigrenip, inni bolsa agşama ýetmäge howlukdy. Işe höwesli gelip başlygyndan açarlary alyp magazini kabul edip, agşam sagat 12 töweregi gapyň agzynda garaşdy. Hiçkim gelmedi. Agşam sagat 3 boldy, hiçkim gelmedi. Daň-säher ýene hiçkim ýok. Belki, gyz, Umydy halas etmek üçin özüni... Ýok, beýle bolup bilmez. Bagtlaryň açylyp hemmeleriň süýjilikde ýaşamagyna bir ädim galanynda ahyr-zaman bolup hemmezady ýer-ýuwtmagyna haky ýok. Ýada kakasy netinden dänäýdimikä. Olam mümkin. Şeýle pikirler bilen öz-özüni iýipbarýan Umyt, gyz bilen gyzyň kakasyna birnäçe gün garaşdy. Hiç-hili habar ýok. Şeýle günleriň birinde, Umyt, umydyny ýitirip, el-üzüp başlaýan wagtlary, şol adaty wagtda gyzyň kakasy magaziniň gapysynda peýda boldy. Umyt birinji bilen ol adamyň ellerine seretdi, ýarag ýok. Ol adam sesini çykarman, Umyda seredip esli wagt doňup durdy. Umyt nämeler pikir etjegini bilmedi. Şondada Umyt bar güýjini jemläp: ㅡ Oňa näm boldy? Hany ol? ㅡ diýip ol adamdan sorady. Ol adam gapa golaýladyda: ㅡ Gürrüň bar, belki içeri göýberersiň!? ㅡ diýip pessaý gürledi. Ol adam magazina girip, daş-töweregine "otyrarýaly zat ýokmy!?" diýen äheňde garanjaklady. Umyt üme düşünip gapyny ýapdyda, derrew öz jaýyndan iki sany stul getirdi. Ýaşuly stulda sesini çykarman otyrdy. Umyt bolsa gyzyň adyny bilmänsoň ol gyz barada sorap bilenok, "Hany ol, hany ol gyz nirde?" diýip dursaňam birhili. Umydam stulunda oturup ýaşuly bilen dumdylar. Ahyry ol adam: ㅡ Oňa zat bolanok, ol öýde öz komnatynyň daşyndan gulplanylgy. Howwa. Onsaň näme etsem-pessemiň bar!? ㅡ diýip ýaşuly gür-gaşlaryny Umyda dikdi. Umyt bolsa ýuwdunyp: ㅡ Aýýý bularýaly zatlaryň başy beýlehä başlamaly däldi. Ýöne birinji bilen siz, soňam gyzyňyz razy bolsa, men gyzyňyzyň elini soramakçy. Oň bilen bile durmuş gurup süýji durmuşda ýaşamak arzuwymda bar. Ýok ýok. Bu siziň düýnki herekediňiz üçin däl. Mende... Mende siziň gyzyňyza bolan üýtgeşik duýgy bar. Belki söýgidir bilemok, sebäbi ol duýgy maňa tanyş däl. Ýene-de hemme zat elbetde, siziň rugsadyňyz bilen...! ㅡ diýip dymdy. Ol adam Umyda has beter içgin seredip, uly ulydan hymlap: ㅡ Mbääää... ㅡ diýip 5-10 minut pikirlenip durdy. Ahyram:-Ýakynlaryňy plany plany addrese ugrat, bu işler, ulularyň maslahaty bilen çözülmedir! ㅡ diýip ýerinden turdy hem çaltlyk bilen magazindan çykyp gözden gaýyp boldy. Umyt bu aýdylana guş bolup uçdy. Begenip begenip çaga ýaly bökejekledi. Magaziniň içinde aýdymyň sesini gatyrak açyp az-owlak tansda wagtyny geçirdi. Şeýdip daňy atyryp, ömrüne taksa münmedik oglan, bu habary buşlamak üçin öýlerine howlukdy. Öýleriniň gapysyndan atylyp girip, baryşyna ejesini gujaklady. Ejesi: ㅡ Weý weý oglum, näme boldy? Beýle begenjiňi birinji gezek görýänle guzym. Köşeş gelhany çaýjagazyň başynda gürrüň ber ㅡ diýip ogluny çaý başyna çagyrdy. Umyt: ㅡ Eje, men saňa göni aýtjakdäl, özüň biljek bolhany. Ejeeeee gözüm dört, soň alty, soň sekiz soňam köpelip köpelip gider. ㅡ diýip begenip aýdyp ejesiniň jogabyna garaşdy. Ejesi pahyr, garyp bende, begenjeginem gynanjagynam bilmedi. Ondada oglunyň begenjine goşulup: ㅡ Tüweleme bize gelin tapdyňmy!? ㅡ diýip sorady. Umyt:ㅡ Howwa howwa, özem aý-ýaly sen olara gudaçylyga gidersiňmi? Edil şu günüň özünde!?ㅡBolýa bolýa oglum, ýöne, harajadymyz ýokda. Özüň görýäňä, ne galyň, nede toý pulumuz bar. Onsaňam, il biz ýalaga gyzyny beresi gelmez! ㅡ diýip görgüli eje özüne zor salyp zordan ýylgyrdy. Umyt az wagt pikirlendide: ㅡ Men gyz bilen gürleşerin. Ilki ýönekeý hudaýoly edip ýygnaýaryn. Soň pul gazanyp uly toý edäýers. Ýöne senbir ilki gyzyň maşgalasyndan bir habar al: ㅡ Bolýa. Sen diýseň bolar oglum.
ㅡAdresi plany plany.
ㅡHäzir eşigimi çalşaýyn! ㅡ diýip çala gynançly köp begençli eje, ýol şaýyny tutundy. Umyt bolsa telewizor gören boldy, aýdym diňlän boldy, ýöne weli begenjinden öýe syganokdy. Ine şeýdip mähriban ejesi ýola düşdi. Diýilen adresa baryp gapyny kakdy...
Gapyny rus egin-başly ulurak bir aýal açdy:ㅡ Salam, siz kim!?-diýip birsyhly sorady. Umydyň ejesi, rus aýal bilen gudaçylyk gürrüňini nädip başlamalydygyny bilmän, hemem sypaýçylygyny has gowy saklamak üçin aljyrap nämeler diýjegini bilmän aýtjak sözlerini unudup durdy. Ahyry hem diline gelen ilkinji sözi aýdyp göýberdi:
ㅡ Mennnn... Men salam. Neme, ol men ýitigimi gözläp geldim...
ㅡ Näme, näme men düşünmedim!?
ㅡ Biziň çagalarymyz tapyşyp, şolaryň gelejegi barada maslahatlaşaýaýyn diýip geldim!
ㅡ Çagalarymyz!? Düşnükliräk aýdaýyňda!?
ㅡ Men gudaçylyga geldim! ㅡ diýip Umydyň ejesi janygyp düşündirjek bolýardy. Emma bu rus aýal:
ㅡ Kime?
ㅡ Siziň gyzyňyza!
ㅡ Gülälegemi? Biziň ýeke gyzymyz bardy. Olam... eýýäm dünýesini täzelänine dört ýyl boldy ㅡ diýip geňirgendi. Umydyň ejesi gyzyň adyny hem bilenoga. Ejesi näme, Umydyň özi hem bilenok. Umydyň ejesi gapyň agzynda duran ýerinden:
ㅡ Häzir bir minut oglumdan jaň edip soraýyn-diýip telefonyna ýapyşdy.
Gyzyň ejesi bolsa çala gaharly:
ㅡ Daýza, nirdendir birýerlerden gelýäňiz, birzadyňyzy ýitireniňizi aýdýaňyz, gyz ýok öýe gelip guda diýýäňiz, gyzyň adynam bilmän jaň etjek diýýäňiz!? Siziň aklyňyz bir ýerindemi!? ㅡ diýip gapyny batly ýapyp goýberdi. Umydyň ejesi duran ýerinde aňkaryp galdy. Gapyň aňyrsyndan ol rus aýalyň sesi gelýär: ㅡ Alo, milisiýa. Gaýrat edip şeýle adrese geläýiňdä. Bärde bir aklyndan azaşan bar. Gapymyň agzynda dur! ㅡ diýip milisiýa jaň etdi. Umydyň ejesi bu gürrüňleri eşitsede, özüni dürsäp derrew Umyda jaň etdi:ㅡ Alo Umyt, Umytjan oglum. Sen adresi dogry berdiňmi... plany plany jaýmy?
ㅡ Howwa eje, şol dogry ㅡ Wah oglum men şol adrese gelip gapyny kaksam bir rus aýal bar. Bizde gyz ýok diýýärä. Ýeke gyzymyz bardy. Olam dört ýyl mundan owal dünýeden ötdi diýýär. Onsaňam gyzyň ady näme? ㅡ Wah eje adyny soramandyrynda...
ㅡ Onda nameler edeýin oglum?
ㅡ Aýýý eje, gel bolmasa gaýdyber. Men hemmezadyň anygyna ýetip soň täzeden ugruna çykaýars! ㅡ diýip Umydam birgeňsi boldy. Ejesi tilki bolup yzyna gaýtmaly boldy. Umyt bolsa täzeden gamlanyp öýde pikire batyp otyruberdi. Üç sagat çemesi wagt geçeninden soň Umydyň el-telefonyna jaň geldi:
ㅡ Alo Umyt. Öýdemiň?
ㅡ Howwa başlyk öýde.
ㅡ Neme işe barlag geljek bolýa weli, işleri edip ýetişemzok. Kömegiň gerek weli, kyn görmeseň geläýda!?
ㅡ Bolýa başlyk häzir baraýaryn. ㅡ diýip Umyt eşiklerini geýip işe, magazina ugrady. Işe geleninde eýýäm barlag gelipdir, otaglara, magaziniň içine aýlanyp ýör. Başlygy Umydy görüp "Zatlary porýadkala" diýen üm bilen kellesini galgatdy. Umyt kassanyň ýanyndaky sakgyçdyr, süýjileri porýadkalady. Barlagçy ulurak aýal eken, kassiriň ýanynda bir az çaý içmäge otyrdy. Kassirçi gyz ol barlagçynyň jorasy bolup, olar çaý başynda gürrüňe başladylar. Ol barlagçy aýal:
ㅡ Jora her-hili adam. Bugün irden öýüme bir aýal geldä. Gelip gyzymyň elini sorady. Gülälek janymyň merhumdygyndan habary ýokdurda, ýada akyly kemmi nämemi! - diýip kassir gyza derdinenini, saý sebäp bilen Umyt eşidäýse nätjek!? Umyt şol ýerde gudasynyň şol barlagçy aýaldygyny bilip galdy. Ondada sesini çykarman pikire batdy. Ol aýal gideninden soň Umydyň başlygy Umydy ýanyna çagyryp: ㅡ Tüweleme sowdugaý. Ol barlagçy aýal şu magaziniň eýesi. Ol kemçilik tapsa kemçiligiň sebäpkärini işden çykarýar. Özi ýowuzrak aýal. Ýogsada sen barada-da sorady.
ㅡ Beh. Nämeler sorady? Sen nämeler diýdiň!? - diýip kellesi bulaşan Umyt başlygyna bildirmän, arkaýynçylyga salyp sorady. Başlygy: ㅡ Sen gel şu stulda oturaly. Gel geç, seň bilen uzak gürrüňim bar! ㅡ diýip Umyt bilen stullara geçip gürrüňe başlady:
ㅡ Sen bu magazinda birhili üýtgeşikzatlar görmediňmi?
ㅡ Aý ýok, näme üýtgeşik zatlar bar!?
ㅡ Ýok, ýok. Üýtgeşik diýip nemede dällaý. Ýöne sen bärde bir ýylyň içinde 6-njy gözegçi. Senden öňkiler dälimi ýa alkaşmy bilemok, biri ruh bar, ýene biri güjügiň ruhy bar diýýär, how biriniň kellesidagy has beter gidenmi nämemi... Gyzyň ruhy bar diýip işden gaçyp gitdilerä... Men işe gelip menä hiçzat göremok weli, şolar gidensoňlara gaýdyp şu ýere bir gezegem hatda galanja goş-golamlaryny, dokumentlerini almagada gelmediler. Edil dälirän ýaly boldular. Tüweleme sen geň görmeli dogumly batyr ýigit bolmaly. Iň uzak işlän sen. Aý aslynda bu wakalar ýaňky barlagçy aýalyň gyzjagazy Gülälek, dünýesini täzeläninden soň başlady. Menem tüweleme seni öwdüm "Hiç sesi çykanok, akylly batyr gowy oglan" diýip öwdüm. Aýlygyňy galdyrmagy haýşt etdim. Bolýa onda sen gaýtsaňam agşama çenli bärde bolsaňam özüň bil ㅡ diýip başlygy turup işleri bile boluberdi. A Umyt... Umyt bolsa bir ýere girýär, bir gaýnag suwa, bir buza, bir oda girýär, bir doňýar.
Oglan "Bu bolýan zatlar näme zatlar, ol gyz, Baddi nä ruhmy" diýip aklyna sygdyryp bilmän köp otyrdy, ysgyndan gaçdy. Zordan bar güýjini jemläp, öz-gözegçilik komnatyna bardy. Şeýdip agşam düşdi. Umudyň bolsa şol-bir nokada jiňkerilip otyryşy. Agşam, ýene sagat 12:00 töweregi ýene magaziniň gapysy kakyldy. Umyt gorka-gorka gapa golaýlaşdy. Ol gyz gapyň öňünde dur. Umyt nämeler etjegini bilmän, uzak wagt gyza seredip durdy. Gyz hiçzatdan habarsyz, gülüp-ýylgyryp Umyda el galgadýar. Esli wagtdan soň Umyt gapyny açdy. Gyz içeri girdi. Umyt sen men ýok gyzyň al-alkymyndan mylaýym sypalamak üçin, elini gyza tarap uzatdy. Gyz tisginip yza çekildi. Umyt ýene öňe süýşip elini gyzyň akja-gyzylja ýaňaklaryna golaýlatdy, gyz bu gezek gymyldamady...
Umyt ellerini göýberip, sypalamak niýetinden ýüz öwürüp, bir az aňry süýşip gam-laýyna batyp:
ㅡ Sen hiç wagt adeal ýapynmaýadyň, hiçwagt kofýa içmediň, zatlara degmediň, başda gelende üsti-başyň görerýaly däldi soň çaltlyk bilen arassalandyň, men saňa degip görmedim. Sen näme??? ㅡ diýip sandyraýan sesi bilen gyza çiňňerlip sorady. Gyz näme jogap berjegini bilmän doňup galdy. Umyt ýene ellerini gyza uzatdy, eli gyzyň ýaňaklaryna degmedi, degdemde gyz edil howa ýaly, elleri ýaňagynyň içine girdi. Umyt gözlerine ynanman gyzyň eginden tutjak boldy. Elleri gyzyň içinden geçdi. Gyzda bolsa ýüzüni sallap durubermekden başga alaç ýok. Umydyň kalbynda, bir demde gahar, agy, gorky, belkem söýgi duýgulary döräp gyzy bagryna basmak üçin gyzy gujaklady. Barysy biderek. Edil howany gujaklaýan ýaly. Umyt gyzdan gorkup yza ýöräp ýykylyp ýerde oturup, aňkarylyp galdy. Gyz bolsa ýuwaşlyk bilen:
ㅡ Bildiňmi? ㅡ diýip sorady. Umyt şol oturuşuna sesini çykarman dili tutulup, Umyt, özüne gelýänçä gyz sesini çykarman ony synlady. Umydam oturan ýerinden az-wagt gyzy synlap durşuna:
ㅡ Sen, ruhmy? ㅡ diýeninde gyz aňyrsyna öwrülip Umyda eşitdirip gürrüňe başlady:ㅡ Men, dört ýyl mundan ozal bu dünýeden gitdim. Bilmedim nädip, men özümiň gapdalymdan ukuda ýatyşymy gördüm, emma başgalaryň aýdýan ak şöhlesi maňa görünmedi. Men bu dünýede galdym. Elbetde kakamam bu ýerde galypdyr, ikimiz hem bakylyga gidip bilmedik. ㅡ diýip bolan zatlary aýtdy. Umyt ýerinden turup gapdalda duran stula geçip oturdy. Gyz ýene gürrüňini dowam etdi:
ㅡ Kakam bilen ruh bolup tapyşanymyzdan soň, biz bu dünýede galanymyzyň sebäbini gözläp başladyk. Eden, etmedik işlerimizi birýandan ýatlap gözden geçirdik. Ahyry hem "Kakamyň, etmeli, uly ýagşylygynyň barlygyny" we meniň hem "şol ýagşylygy ýerine ýetirmek üçin galanlygymyzy bildik". Görüşiň ýaly, menä kakamyň etmeli zadyny edip ýetişmänkäm rak keseline uçrap jan berdim. Mundan soň biz kakamyň magazinina gelip, şu ýerde işleýän gözegçi-garawula "şol edilmeli uly ýagşylygy etmeli" diýen karara geldik. Ýöne eşidişiňýaly olar arakhor, gorkak, ynsapsyzdylar. Şunluk bilen barlaglarmyzyň netijesiniň ahyrynda sen ähli barlagymyzdan geçdiň. Inni seniň baýrak almaly wagtyň geldi. Bagyşla, ak-gelin bolup seniň ýoldaşyň bolup bilmedim. Emma... gel şu ýere! - diýip gyz magaziniň bir çüňkine baryp duruberdi. Umyt ýerinden turup gyzyň ýanyna barjagynam, barmajagynam bilmän pikirlenip duruberdi, gyz bolsa eli bilen ýer-poly görkezip:
ㅡ Ine şu ýerde kakamyň ähli gazanjy gömülgi. Gaz, al, aç, baý bol, gyz tapyn, ol gyz bilen toý et, öýli-işikli bagtly bol. Bu pullary diňe halal ýollara ulanjagyňa, kakam bilen men ynanýarys. Şonda biz dünýeden razy bolup belki nur döräp bakylyga gideris. Indi hem hoşgal, belki görüşmeris! - diýip gözden gaýyp boldy. Umyt gyzyň görkezen ýerine seredip, şol gün ol ýerik barmady. Ertirki güni agşam işe gelip, betonly poly kerkidir, lom bilen döwüp gazanynda bir demir gabyň üstünden düşdi. Ol demiriň boýy ini 1 metr. Gapagyny açyp göreninde, içi doly puldur gyzyllar. Derrew demir gaply hazynany uly-uly paketlara boşadyp, öz jaýyna eltip goýdy. Boş demir gabyň gapagyny ýapdyda, aňyrky santehnikleriň jaýyndan döwük suw nasosy getirip demir gapyrjagyň üstünde goýdy. Ir bilen magazinda Umydyň başlygy gelip:
ㅡ Ohow Umytjan, eýgilikmi? Magaziniň bu ýerini nädäýipsiň? ㅡ diýip gözlerini elek-çelek edişdirdi. Umyt bolsa arkaýynlyk bilen:
ㅡ Huf agşam şu ýerde turba ýarylypmy nämemi? Aýak-aldygyna suw çykdy. Menem gazyşdyryp suwy bekläýin diýsem, asyl şu döwük nasosdan eken! ㅡ diýip döwük suw-nasosy görkezdide ýene sözüni dowam etdi:ㅡ Magazini suw aldyrmajak bolup bu ýarylan krandyň suwyny zordan daşap ýetişäýdim! - diýip maňlaýyndaky derini süpüren boldy. Umydyň sözlerine ynanan başlygy monça bolup: ㅡ Tüweleme göz degmesin Umytjan. Taňyrýalkasyn. Sen ýeriňe başga biri bolan bolsa "meň işimdäl, santehnigiň işi" diýip üstünden aýyrardy. Sen magazini halas edipsiň, sagbol. Agşam dynç alaý. Işede gelme. Rugsat berýän. Bar sagaman, indi ýöräber. Galanyny özümiz oňarars! ㅡ diýip hoş bolup Umydyň egnine kakdy. Umyt begenip öz gözegçi jaýyndaky hazynadan bir az-owlagyny sumkasyna salyp işden çykyp öýlerine geldi. Öýünde öz komnatynda spalnynyň aşagyna sumkasynda getiren hazynasyny goýdy. Şeýdip Umyt her gün işden gaýdanynda az-azdan daşap, hazynalanyň ählijesini öýlerine getirdi. Geň-görmeli, ýöne Umyt, beýle baýlyga üýtgemedi-azmady. Ol şol öňküje häsiýetinde galdy. Gyz tapyndy we bagtly ýaşaşdylar. Gülälek we kakasy bu dünýeden razy bolup, asmana göterilip bakylyga düşdüler.
Soňy

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Salgylanma:
Bölek bölek görnüşde bolany üçin anyk salgylanmalary jemlemeli boldy.

1. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2410
2. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2420
3. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2449
4. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2689
5. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2806
6. http://halypa.ru/forum/index.php?id=2853

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir