Gamgyn-gamgyn aýdym sazlar diñleýäñ, 
Şeýdip göz ýaş dökýäñ bu keç ykbala. 
Aýdym diñläp, ejizlikden zeýrenýäñ, 
Ýatyp galýañ meñzäp misli Ýewropa. 

Düýşde görýäñ ynanylmaz hyýallar, 
Millilige ýugrulypdyr adamlar, 
Iller taşlap nebis bilen haramy, 
Goraýarlar illeñ namys aryny. 

Haram keýpe kowalaşýan adam ýok, 
Küntüçilik, jelepçilik, zadam ýok, 
Kişi gyzyna gözün dikýän haram ýok, 
Zulum gidip ynsap tutýar ornuny. 

Oýanañsoñ gutarýar düýş ýene-de, 
Ýene şo kär dowam edýär tersine, 
Hemme adam, hemmesiniñ hersine, 
Ynsap gidip zulum alýar ornuny.

Edebiýat, ETIKA tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir