Essalamalaýkum talyplar.comyň agzalary.
Bugün 21-nji iýul, hepdäniň sişenbe güni.
Geliň indi bolsa dünýä habarlary bilen tanyş bolalyň!!!

- Türk aktýory Murat Yildirim we aýaly 6-nji gezek boljak perzentinden juda boldular.

Dünýäbelli türk aktýory Murat Ýildirim we onuň aýaly Iman Elbani birnäçe ýyldan bäri perzent görmegi arzuw edip gelýärler.
Birnäçe, hepde mundan ozal bu iki ýaş juwanyň perzende garaşyp oturanlygy hakynda daryo.uz saýty habar beripdi we bu habar Murat Yildirimiň birnäçe muşdaklaryny begendiripdi. Mundan Murat hem bagtlydy emma, bu habar uzaga çozulmady. Iman Elbani iki aýlyk çagasyndan aýryldy. Sosial medialaryň habar bermegine görä Murat we onuň aýalynyň perzent görmäne ilkinji synanşygy däl. Iman mundan ozal hem 5gezek perzentinden juda bolan.

- Kolumbiýada karantin režimini bozan adamlar öldürilýär

Kolumbiýa şäherinde karantin režimini bozan adamlary öldürilýän gurallar bilen şaýlanan adamlar peýda boldy. Şu wagta çenli bu adamlaryň gurbanlaryň sany 10 adam diýip habar berýär qalampir.uz saýty.
Bular ýaly gurally adamlar Kolumbiýanyň 32ştatynyň 11sanysynda peýda boldy. Hususan, olar ýurduň adamlaryny öýden çykmazlyga hereket edýärler, Dükanlaryň iş wagtyny gysgardýarlar, daşary ýurtdan gelen adamlary ýurta salmaýar diýip çeşme habar berýär.
Maglumat üçin, Kolumbiýa Covid - 19 boýunça 19-nji orunda durýar. Ýurtda 165müň adamdan gowrak infeksia ýokdurup alan. Olaryň 5814adam aradan çykan.

- Şu ýyl "Altyn Top" hiç kime berilmez.
«France Football» žurnaly 2020-nji ýylda «Altyn top» baýragyny hiç kime gowşurmazlyk hakynda kararyny yglan etdi, diýip sports.ru saýty habar berýär.
Neşir bu gelen kararyny baýragyň beýanynda «koronawirusdan dörän çökgünlik zerarly adatdan daşary ýagdaýlarda gazanylan baýrak» diýen çykgydyň ýazylmagyny islemeýänligi bilen düşündirdi.
«Bu naýbaşy baýragyň eýesini kesgitlemekde adalatlylyk bolup bilme, hususan-da, oýunçylaryň statistiki görkezijileri babatda şeýledir. Käbir futbolçylar üçin möwsümiň garaşylmadyk ýagdaýda kesilendigini nazara alsaň, olary birmeňzeş bahalandyryp bolmaz» diýlip «France Football-yň» beýanynda aýdylýar.
Belläp geçsek, bu baýrak 1956-njy ýylda döredilenden bäri ilkinji gezek eýesiz galar. 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyllar aralygynda bu baýrak FIFA-nyň howandarlygynda gowşurylypdy.
Bilermenleriň pikirine görä, şu ýyl «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärler Robert Lewandowskiý, Lionel Messi, Sadio Mane we Kewin de Bruýne bolupdyr.
Geçen ýylda «Altyn topy» «Barselonanyň» we «Argentinanyň» ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi eýeläpdi.

- Millionlarça VPN ulanyjylaryň maglumatlary internet toruna ýaýrady.
VPN hyzmatlaryndan peýdalanýan 20 milliondan gowrak ulanyjynyň maglumatlary Internet torunda peýda boldy we köpçülige elýeterli boldy. Bu barada vpnMentor guramasynyň gözleg toparynyň web sahypasynda habar berildi diýip, lenta.ru ýetirýär.
Maglumatlaryň UFO VPN, FAST VPN, Free VPN, Super VPN, Flash VPN, Secure VPN и Rabbit VPN programmalarynyň ulanyjylaryna degişlidigi anyklanyldy. Kiber jenaýatçylar internetde VPN ulanyjylarynyň e-poçta salgylaryny, tekst görnüşindäki parollaryny, IP we ýaşaýyş-öý salgylaryny ýerleşdirdiler. Olaryň arasynda ulanyjylaryň telefonlarynyň modelleri hakyndaky we beýleki şahsy maglumatlary-da bar. Bu maglumatlaryň umumy göwrümi jemi 1,2 terabaýta barabardyr.
Ýadymyzda bolsa, iýun aýynyň ahyrynda “Telegram” habarlaşmasynyň birnäçe million ulanyjysynyň maglumatlary şeýle ýol bilen köpçülige ýaýrapdy. Ulanyjylaryň telefon belgilerini bilmäge mümkinçilik berýän, takmynan, 900 MB ýer tutýan bu baza darknetiň forumlarynyň biri bolup çykypdy.

- Saud Arabystanyň patyşasy hassahana düşdi.
Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdel-Aziz Al Saud Er-Riýadyň hassahanasyna düşdi diýip, Neşir işiniň saud agentligi habar berýär, muny RBK ýetirýär.
Monarh öt haltasynyň çişmegi sebäpli hassahana ýerleşdirildi. Ol lukmançylyk barlaglaryndan geçer diýip, neşir anyklaşdyrýar. Korol Salman 84 ýaşynda. 18 ýaşynda – 1953-nji ýylda ol korolyň wekili we Er-Riýadyň emiri boldy. On ýyldan soň Salman Er-Riýad welaýatynyň gubernatorlygyna bellenildi we 2011-nji ýyla çenli bu wezipäni eýeledi. Bu döwürde Er-Riýad şäheri çalt ösüşe eýe boldy, onuň ilaty 1960-njy ýyllardaky 150 müňden 1980-nji ýyllarda milliona çenli artdy. Häzir Saud Arabystanynyň paýtagtynda 7 milliondan gowrak adam ýaşaýar.
Salman tagta 2015-nji ýylda çykdy, sebäbi ozalky korol Abdalla ýogaldy. Mirasdüşer şazada diýlip onuň dogany Mukrin ibn Abdul-Aziz Al Saud bellenilipdi.

Taýýarlan - Perhat Sabirovv

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir