Bag Eremde, gül-gülüstan içinde 
Gudrat bilen bir şahada biten gyz. 
Waspyňny ýaza men destan içinde, 
Örme saçyň ak mämäňe ýeten gyz. 
 
Seniň kimin gözel bolmaz jahanda, 
Tamam hur-periler husnuňa bende, 
Leýliniň sypaty bar eken sende, 
Bu gün yşkyň söwdasyna batan gyz. 
 
Boýuň şejerge ogşar, ýüzüň zülala, 
Dişiň düre meňzär, lebleriň bala, 
Bagty gelse, ýagşy-ýaman bir gula 
Kadyr özi ryzky-rozun çatan gyz. 
 
Nepes diýer, on üç, on dört ýaşynda, 
Gara gotaz, altyn gupba başynda, 
Ýüze gülap sürtup, wesme gaşynda, 
Gyrmyz geýip, dildarlyga ýeten gyz.
Awtor Mollanepes