Saňa düşdi nazarym, 
												söýgüli janan, bäri gel. 
Saçy müşk isli ýufar, 
												sünbüli-reýhan, bäri gel. 
Gül beden, gülgün reň, 
												dony zerafşan, bäri gel. 
Al ýaňak, kirpigi ok, 
												alma zenehdan, bäri gel. 
Janyňa sadka olam, bäri gel, 
												eý jan, bäri gel! 
 
 
Gel otur gaşymda sen, 
												zowky-jemalyň göreli, 
Gel ýüzüň şöhlesine 
												saz bilen söhbet guraly, 
Dost gadyryn bileli, 
												duşmany otga uraly, 
Dünýe bäş gündür, öter, 
												zowky sapalar süreli, 
Bu ýalan dünýä öter, 
												ötdi-le döwran, bäri gel! 
 
 
Kä gülüp bäri bakyp, 
												näz bilen sen sallana sen, 
Käte gaşyňy çytyp, 
												her tarapga tolguna sen, 
Älemge şöhle salgan 
												türpe ajaýyp sona sen, 
Öz ýüzüň şöhlesine 
												belki özüň hem ýana sen, 
Ýüregim otga ýakana 
												taşy-suzan, bäri gel! 
 
 
Duýmasyn gende rakyp, 
												bir ýerde pinhan bolaly, 
Jany jan içre goşup, 
												bir tenu-bir jan bolaly, 
Maksady hasyl edip, 
												meşguly döwran bolaly, 
Sözleşip bir-birimiz, 
												ança gadyrdan bolaly, 
Bäş gündür siz – bize, 
												biz – size myhman bäri, gel! 
 
 
Leb gysyp, gaş kakyşyp, 
												mährem olup, gol tutuşyp, 
Çolaşyp hem çyrmaşyp, 
												ýag ile süýt deý gatyşyp, 
Oýnaşyp, seýre çykyp, 
												ak-gyzyl alma atyşyp, 
Göýä bir nowça nahal 
												dek bir-birimize ýetişip... 
Kylaly gaýgy-gamy ýer 
												bile ýegsan, bäri gel! 
 
 
Çekerem her gijelerde 
												ah bilen zaryň seniň, 
Menden özge kim çeker 
												derdi-azaryň seniň? 
Bermenem ýüz müň tümenge 
												käkili taryň seniň, 
Ak göwsüňde biten 
												ol alma-enaryň seniň, – 
Tirmesem, ança galar 
												janda köp arman, bäri gel! 
 
 
Perileriň patyşasy, 
												belli mestana gözel, 
Sen ki bir şam çyragy, 
												men ki perwana, gözel, 
Hulky hoş, labzy şirin, 
												ýüzleri nurana gözel, 
Bagry buz, sözleri uz, 
												dişleri dürdäne gözel, 
Lebi lagyl, geýdigi al, 
												jenneti-ryzwan bäri gel! 
 
 
Söwdügim, her sözüňge, 
												sözle, şirin jany bereý, 
Her nuktaýy-halyňa 
												Eýrany-Turany bereý, 
Her saçyň bir taryna 
												käpir-musulmany bereý, 
Seýr kylyp bakyşyňa 
												Balhy-Badahşany bereý. 
Kylaýyn men bu jahany 
												sana gurban, bäri gel! 
 
 
Uýalyp, ýerge bakyp 
												bizden ki iba kyla sen, 
Gözleýip göz uç ile, 
												synamga otlar sala sen, 
Bir güni ölture sen, 
												ahyry bu janym ala sen, 
Näge rehm etmes sen, 
												halymny özüň bile sen, 
Diýr Nepes, köňlüm alan 
												täze gülüstan, bäri gel!
Awtor Mollanepes