Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy tutuş dünýäniň hökümetlerine çagyryş bilen ýüzlendi. Bill Geýts koronawirusa garşy sanjym bilen ilkinji nobatda baýlary däl-de, oňa has mätäç bolanlary üpjün etmeli diýip hasaplaýar. Bu barada ol SPID bilen göreşmegiň halkara jemgyýeti (IAS) tarapyndan gurnalan COVID-19 keseliniň ýaýraýyş meselesi boýunça geçirilen onlaýn-konferensiýada aýtdy. Muny 360tv.ru ýetirýär.
Onuň aýtmagyna görä, eger-de dermany ýa-da sanjymy möhüm bolan sebitleriň ýaşaýjylary däl-de, “köp tölemäge ukyplylar” alsa, onda pandemiýa bolmalysyndan uzak dowam eder. Mundan başga-da, ýogalýanlaryň sany hem artar.
“Liderleriň bazaryň ösüşine ýardam edýän diňe bir şertlere däl-de, eýsem, adalatlylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen sanjymy paýlaşdyrma bilen bagly bu kyn netijäni kabul etmekleri möhüm” – diýip, Geýts aýdýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy (BSGG) Tedros Adhanom Gebreýesus iýulda koronawirusa garşy dermanyň Ýer ýüzüniň ähli ilaty üçin elýeterli bolmalydygyny aýtdy. Ýöne ol sanjymyň taýýar boljak möhletini aýtmady.
Belläp geçsek, 64 ýaşly Geýts özüniň aýaly Melinda bilen haýyr-sahawat fonduna ýolbaşçylyk edýär, bu fondda $50 mlrd ýygnanan. Guramanyň işiniň esasy ugurlary ABŞ-da saglygy goraýşy we bilimi ösdürmek meýilnamalary, şeýle-de ösüp barýan ýurtlarda keseller bilen göreşmek bolup durýar. Fonduň ýolbaşçylary täze görnüşli koronawirusa garşy sanjymyň taýýarlanmagyna hem-de ilatyň garyp gatlagyny goldamaga $300 mln bölüp berdiler. Amerikan hökümeti koronawirusa garşy sanjym taýýarlamaga $1,6 mlrd bölüp berdi. Pul serişdelerini Novavax kompaniýasy aldy. Kompaniýa 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 mln doza sanjymy ýola goýmaga borçly.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir