Gyzjagaz, gamgyn oturan nätanyş bir adama seredip ýylgyrdy. Çaga ýüreginden gelen bu, sada we mähirli ýylgyryş, gamgyn adama sähel wagtlyk, ähli aladasyny unutdyrdy. Ol hem gyzjagaza mähirli ýylgyrdy. Birden, ýakyn wagtda özüne kömek eden köne dostuna sagbolsyn aýtmandygy ýadyna düşdi. Derrow, Köne dostuna habar ugratdy.

  Minnerdarlyk sözlerinden köne dostyñ göwni örän şat bolup, mydama barýan naharhanasynda, günortanlygyny iýeninden soñ, naharhanada işleýän ofissant gyza örän köp mukdarda "çaý puly(bahşiş)" goýdy.

  Ofissan gyz ömründe birinji gezek bular ýaly köp mukdarda "çaý puly" alypdy. Agşam öýüne barýarka, köçäniñ gyrasynda otyran pukara adamyñ şapkasyna ep-esli pul goýdy.

  Pukara adam iki gündir dogry-düzgün hiç zat iýmändi. Gyza minnetdarlyk bildirdi. Garny, belki-de köp wagtdan bäri birinji gezek doýupdy. Keýpi kök bolup, sykylyk çalyp "binanyñ(etažyñ) zemin gatynda ýerleşen" köneje otagynyñ ýolyny tutdy.

  Sykylygyñ sesini eşiden bir güjüjek ýanyna geldi. Sowukdan üşeýändigi bellidi. Ony hem gujagyna alyp, öz ýany bilen otagyna äkitdi.

  Güjüjek gijäniñ sowugyndan halas bolany üçin bagytlydy. Gijesi bilen, hezil edip iki ýana ylgady.

  Ýary gijeden bir-iki sagat geçenden soñ, güjüjek yzyny üzmän üýrüp, pukara adamy oýandyrdy. Otagda tüssäñ ysy bardy. Adam bilen bile daşaryk çykan güjüjek uzyn-uzyn üýrüp, binadaky(etaždaky) ähli adamy  oýandyrdy. Ýañy tutaşyp başlan ýangyn, adamlaryñ kömegi bilen söndürildi.

  Ýangynyñ tüssesinden zäherlenmekden halas bolan çagalar, häzir ejedir, kakalarynyñ gujagynda we ýaşaýarlar.

  Adam dannaman,  hemme kişä, gamgyn adamlara hem, mähirli ýylgyrmagy(hoş söz aýtmagy) başarmak bolsa gerek:
Bu çagalaryñ häzirem eje-kakalarynyñ gujagynda bolmaklaryna, ýene-de birini gam-gussadan halas etjek "o" mähirli ýylgyryş bilen seretmeklerine sebäpkär.

çeşme: HayatTadındaHikayeler.com
terjime : @Allaberdi T.Ç

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir