Ene wesýetlerin kalbynda besläp,
Ümä geler obamyzyň gyzlary.
Ajaýyp däpleri-dessury ýatlap,
Ümä geler obamyzyň gyzlary.

Birisi gözelleň çekip öňüni,
Hoş söz bilen tapar hemmäň dilini,
Uly höwes bilen çyzgap goluny,
Ümä geler obamyzyň gyzlary.

Iş başyn tutsaň gelerler üýşüp,
«Armaweri, işiň ileri» diýşip.
Şadyýanlyk bilen jak-jak gülşüp,
Ümä geler obamyzyň gyzlary.

Göýä durnalar deý edip öwrümi,
Taryp eder bu ajaýyp döwrümi.
Aşyk ýigitlerniň alyp sabryny
Ümä geler obamyzyň gyzlary.

Bu ajap durmuşa buýsançly bakyp,
Kalbynda päkligiň keşdesin çekip.
Bagtyýar durmuşyň lälesin kakyp,
Ümä geler obamyzyň gyzlary.

Edebiýat, Watanwaspy tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir