ARGENTINADA SURATA DÜŞÜRILEN BAŞGA PLANETALY


Häzirki döwürde tehnologiýanyñ ösmegi bilen her hili geñ-tañsy anomal, paranormal hadysalary surata düşürip, wideoşekillere ýazga düşürip, hatda käbir ruhlaryñ tolkunlar arkaly magnitafon ýazgysyna hem geçirip bolýandygyna degişli subutnamalar bar.
Ýöne meniñ häzirki gürrüñ berjek bolýanlarym Ruhlar hakynda däl-de başga planetalylar hakynda.
Başga planetalylaryñ bardygyna ynanmaýan Argentina polisseýleri haýran galmak bilen Ýere gelen we baglaryñ arasynda ýöräp gelýän başga planetalyny fotosurata düşüripdirler. Bu hakda Azerbeýjanyñ https://sonxeber.az internet sahypasy habar berýär.
Argentinaly polisseýler bu başga planetalyny surata düşürip yzarlapdyrlar, gumanoid özüniñ yzarlanýandygyny añyp Parana kölüne özüni oklapdyr. Polissiýalar bolsa ony gözden ýitiripdirler.
Bu barlykar esasanam Demirgazyk Amerikada ýa-da Günorta Amerika yklymlarynda gabat gelýärler.
Olar bu ýerlerde özleriniñ ýok bolan Täze siwilizasiýalaryny gözleýärlermi ýa-da tötänden gelýärlermikä!? Muña welin jogap bermek kyn!
Ýöne Parana kölünde gözleg işlerini geçirmekligi ylym talap edýär. Belkäm kölüñ içinde anomal hadysalar bilen baglanyşykly täze yzlar ýüze çykar...

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir