Ene Zeminiň ýylgyrşy, dünýäniň ýaraşygydyr. Ene dünýäde, iň mähriban zenandyr. Zenan diýmegiň özünde bir ütgeşik gudratlylyk bar. Zenanlaryň asyllylygy, mylaýymlygy, mertebeliligi, päkizeligi, sabyrlylygy, nuranalygy, şirin sözlüligi, özboluşly mekdepdir. Halkymyz zenana-Zemindäki perişdä, Enä-mukaddes käbä, gyza-mertebä, gelne-nesil dowamaty hökmünde garaýar. Aslynda türkmen maşgalasynda zenana bolan hormat, sarpa çäksizdir. Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgiýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň özüniň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym“ atly ajaýyp kitabynyň „Öý ojagyň gelşigi“ atly bölüminde: maşgalada zenan öý-ojagyň gelşigi, söýesidigi çeper beýan edilýär.
Baýdak ýaly gelinlerimiz öý-ojagyň eýesidir, baran öýüni mähri bilen ýyladýan mähir ummanydyr. Gaýyn enesiniň bir diýenini iki gaýtalatman, baran öýüniň ody bilen girip, küli bilen çykýan gelinlerimiz täze düşen maşgalasynyň düzgünlerine uýgunlaşmaga çalşýandyr.
Asylly enäniň terbiýesini alan gelin gaýyn enesiniň ýürekdeş hereketlerine dogry düşinýändir. Gaýyn-gelin gatnaşygy maşgalada agzybir, asuda, bagtyýarlykda özara baglanşykda alynyp barylýandyr. Maşgalanyň binýadynyň berkligini gorap bilýän mähriban ynsan – gaýyn ene, gaýyn atadyr. Ata-balarymyzdan gaýdan, ene-mamalarymyzyň, gaýyn-gelin gatnaşygy, maşgalanyň agzybirligi, berkligi hakynda şeýle bir wakanyň şaýady bolupdyrlar.
Gadym zamanlarda akyl paýhasly, sypaýy, mähriban bir gaýyn enäniň 5-sany gelinleri bar eken. Ol mähriban ene, öz gelinlerini şeýle bir agzybir saklaýan eken. Günlerde bir gün gaýyn ene, uly gelnini ýanyna çagyryp mähirli ýylgyrşy bilen, şeýle diýip ýüzlenipdir:
- Nowbahar gelnim ilki gözümiň göreni uly gelnim öz balamyň ýan-ýoldaşy men seni gowy görüp saňa neýitläp ak monjuk aldym. Ýöne beýleki gelinlere duýdurmagyn gelinjan diýip berk nygtapdyr.
Gelni begenip ýylym-ýyryş bolup gaýyn enesine sag bolsun aýdyp gaýdypdyr. Soňra gaýyn enesi ikinji gelinini hem ýanyna çagyryp:
- Agtyklarymyň ejesi, mähirli - güler ýüzli ogadan gelnim men seni beýleki gelinlerimden gowy görüp saňa ak monjuk sowgat aldym ýöne beýleki gelinlerime aýtmagyn balam diýip gelinine öwran-öwran nygtapdyr. Şeýdip, gaýyn eneleri 5 gelniň ählisinede ak monjuk sowgat edýär. Hersinede aýratynlykda biri-birlerine aýtmazlyklaryny nygtapdyr.

Soňra bir gün ähli gelinleri gaýyn eneleriniň ýanyna gelip şeýle diýipdirler.
- Enesi siz haýsy gelniňi gowy görýäniz diýip sorapdyrlar. Gaýyn enesi gelinlerine ýüzlenip:
- Balalarym siziň ähliňizi gowy görýän, ýöne ak monjukly gelinimi has-da gowy görýärin diýipdir.
Ähli gelinler öz ýanlaryndan monça bolup ýyryş-ýyryş edip begenipdirler. Sebäbi gelinleriň ählisinde-de ak monjuk bardy.
Gaýyn enesi ähli gelinine ak monjuk sowgat beripdir. Ak monjukly gelinler elmydama gaýyn enesiniň iň gowy görýän gelinleri bolup buýsanyp, agzybir ýaşapdyrlar.
Maşgalanyň berkligini, agzybirligini saklaýan ene bagtyýardyr, bagtlydyr. Maşgala – Döwletlilikden, bagtyýarlykdan, agzybirlikden nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiz maşgala binýadynyň berk bolmagyny gazanmagy dowlet syýasatynyň esasy ugrlarynyň hatarynda goýýar. Durmuşda ata-ene we perzentlik borjunyň özara sazlaşmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Maşgalada çaganyň ilkinji gözüni açyp görýäni Mähriban ejesi. Eje-mähriban enedir. Ene –keramat. Ene-gudrat. Ene-döwletli ojak. Ene-beýik ýaşaýyş. Ene hakda söhbet etseň, adamzadyň sag salamatly göz öňüňe gelýär. Çünki ene öz ýüregini, ömrüni perzentlerine bagyşlamaga taýýar ynsan. Ene maşgalanyň örki, diregi bolmak bilen, çaga terbiýesiniň ilkinji mugallymydyr.
Enäniň ornuny hiç kim tutup bilmez. Mähriban Arkadagymyz müň kerem mamla. Bize her bir sözi mekdep bolan, kalpda ebedi orun alan eneler üýtgeşik gudratdyr. Zenan kalbyň açarydyr. Ene toprakdyr-bu mukaddesligi gorap saklamak parzdyr.
Hormatly Prezidentimiziň „Enä tagzym mukaddeslige tagzym“ atly ajaýyp kitabynda mähriban käbelerimize, zenanlarymyza goýulýan hormaty, öz mähriban käbesi Ogulabat ejemize bolan perzentlik söýgüsinde aýdyň görýäris.
Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat, ömri uzak bolsun!
Mukaddes enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň güler ýüzleri elmydama gülüp dursyn.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir