Bellik! Yüregi gowşak adamlara we 16
ýaşdan kiçilere okamak maslahat
berilmeýär!
Sebäbi içindäki käbir maglumatlar
siziň psihologiýaňyza erbet täsir
hem edip biler.
Jyn"sözi-örtülgi,ýapyk,gizlin manylary berýär.Bu sözden döreýän ençeme söz bar.Olaň käbirleri:
Jenan-gije diýmek.Bu sözüň kalp diýen manysy bar.
Jenap-ynsany örten eşik,gizlin edilen iş manysyny berýär.
Jenen-gabyr,kepen diýmek
Jynlaryň ýaradylyş maksady we aýratynlyklary
Bir maksat bilen ýaradylan jyn we ynsan barada Kurany Kerimiň ençeme aýatynda giňişleýin aýdylýar.Meselem:
"Allah ynsany kerpiç ýaly bişen palçykdan ýaratdy.Jynyda tüýs,ýagny tüssesiz otdan ýaratdy",(Rahman 14-15)Bu aýatdaky tüýs ot manysyny berýän"märiç"we"naryň" nämedigi barada anyk maglumat ýokdur.Ýöne onuň radiýasiýa ýada iýon ýada antimaddadan emele gelen bir garyndy bolmagy mümkin.Emma jynlar ne fotondyr ne-de atomlary emele getirýän elektron,proton we neýtron bölejikleridir.Başga bir ayatda:
"Kasam bolsun,biz ynsany palçykdan,jyny bolsa has öň zäherli,gowrujy otdan ýaratdyk "(Hijr27)
Ynsan protein garyndysyndan jyn bolsa nary semumdan ýaradylan.Nary semum-bedene täsir edýän ot,ýa-da zäherleýän diýen manyny berýär.Ýöne munuň nähilidigi biziň üçin näbelli.Belki,jynlar efirden ýaradylan barlyklardyr.
Jynam edil ynsan ýaly dogulýa,iýýä,içýä,öýlenýä,köpelýä,ýaşaýa,garraýa we ölýä.Aýal erkeklik hem olarda bardyr.Ymam Şibli olaryň müň ýyl töweregi ýaşaýandygyny aýdypdyr.
Jynlar ýaradylyş taýyndan ynsanyň elinden gelmejek agyr işleri etmäge ukyplydyr.Kuranda Süleýmanyň(a.s)guşlardan we jynlardan goşununyň bolandygyny jynlaryň galalar,howuzlar gurandygyny aralarynda jaý ussalarynyň bolandygyny we deňziň düýbünden merjen çykarandyklary aýdylýar(Enbiýa 82 Neml 39 Sebe 12 Sad37)