Matematika dersi öwrenilende esasy wezipeleriň biri,okuwçylaryň ýatdan çalt we dürs hasaplamak ukyplaryny,olaryň pikirlrnmek,oýlanmak endiklerini ösdürmek,olaryň matematika dersine bolan höwesini artdyrmakdyr.Häzirki döwürde tehnikanyň ösmegi bilen bilim ulgamynda hem çagalaryň zähmetini ýeňilleşdirýän tehnologik hasaplaýyş enjamlary köpeldi.Okuwçylar san hasplamalarynda şeýle enjamlardan peýdalanmak bilen taýýar netijeleri çalt we dürs alyp bilýärler.Tehnologik enjamlardan peýdalanyp işlenende okuwçylar pikirlenmek,oýlanmak ukyplaryndan peýdalanmaýarlar.Emma käbir san hasaplamalarynda tehnologik enjamy ulanyp hasaplanyňdan hem ýatdan çalt we dürs hasaplamak bolar.Muňa ikibelgili sanlaryň kwadratyny tapmagy mysal getirmek bolar.
Tehnologik enjamdan peýdalanýançaň,soňam netijäni ýazýançaň ikibelgili sanlaryň kwadratyny ýatdan çalt hasaplap bolýar.Häzir ýatdan ikibelgili sanlaryň kwadyratynyň tapylyşy barada durup geçeliň.Munda dört dürli ýagdaý duş gelýär.
| ýagdaý:Yzy nul bilen gutarýan,ýagny 10,20,30,...90.Sanlaryň kwadyratyny tapmak.Munuň üçin birbelgili sanlaryň kwadratyny ýatdan bilmek ýeterlikdir.(Köpeltmek tablisasy),ýagny 1,2,3,4,...9 şolaryň kwadratlarynyň yzyndan iki sany nul ýazaýmaly.
(Mysal )60 kwadratyny tapmaly.
1).6 kwadraty =36;2)3600; onda 60 kwadraty=3600 bolar.
|| ýagdaý:yzy 5 bilen gutarýan,ýagny 15,25,35,...95 sanlaryň kwadratyny tapmak iki ädimden durýar.
Düzgün:|.Sanyň öňki belgisini bir birlik artdyryp,özüne köpeltmeli;
|| Alnan netijäniň yzyndan 25 ýazmaly.
(Mysal) 65 kwadratyny tapmaly.
Çözülüşi:1).6-ny 1 birlik artdyrsak 7 bolar,onda 6×7=42;
2).42-niň yzyna 25 ýazyp 4225 alarys,onda 65 kwadraty =4225 bolar.
||| ýagdaý:Öňi 5 bilen başlaýan,ýagny 51,52,53,...59 sanlaryň kwadratyny tapmak hem iki ädimden durýar.
1).25-iň üstüne berlen sanyň yzky belgisini goşmaly;
2).Alnan netijäniň yzyndan yzky belgisiniň kwadratyny ýazmaly.
(Mysal) 56 kwadratyny tapmaly.
Çözülişi:1).25+6=31;(6 yzky san)
2).6 kwadraty =36 indi 31-iň yzyndan 36-ny ýazyp 3136 alarys,onda 56 kwadraty =3136.
4 ýagdaý:umumy düzgün üç ädimden durýar:
1).Sanyň yzky belgisiniň kwadratyny sagda ýazmaly;
2).Sandaky iki belgi(öňkini we yzkyny) bir-birine köpeldip,iki esse köpeltmeli we 1-nji ädimde alnan netijäniň öňünden ýazmaly;
3).Öňki belgini kwadrata göterip iň öňde ýazmaly.
Bellik:Haýsy ädimde ikibelgili san alynsa,onuň yzkysyny ýazyp,öňküsini indiki ädime geçirip goşmaly.
(Mysal) 84 kwadratyny tapmaly.
Çözülişi:
1).4 kwadraty=16;(6-ny sagda ýazyp 1-i geçirmeli).
2).(8×4)×2+1=65;(6-nyň öňünde ýazyp,56 alarys,6-ny bolsa geçirmeli).
3).8 kwadratyny +6=70;(70-i56-nyň öňünde ýazyp 7056 netijäni alarys).
Ýagny:84 kwadraty=7056 bolar.
Şu usul bilen ikibelgili sanlaryň kwadratyny tapmaga okuw meýilnamasynda ýörite wagt berilmeýär.Ýöne bu usuly sapak döwründe wagt tapylsa ýa-da sapakdan daşary okuwlarda okuwçylaryň aňyna ýetirmek bolar.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir