Bir mekdep ýörite hünärmenleri çagyryp, öz okuwçylaryna wagtlaryny tygşytly ulanmak we işlerini tertipli meýilleşdirmek boýunça kurs berdirýär. Ine, şeýle kurslaryň birine wagtyňy peýdaly ulanmak boýunça hünärmen gelýär.

Mekdep bu saparky kursa ýokary synp okuwçylaryny gatnaşdyrýar. Ol hünärmen okuwçylara: «Geliň, siz bilen bile bir kiçijik tejribe geçireliň» diýýär. Hünärmen stoluň üstüne ullakan banka goýýar. Bankanyň gapdalyna-da ýany bilen getiren torbasyny goýýar. Çagalaryň bilesigelijilikli nazarlarynyň astynda hünärmen ýaňky torbadan ullakan daşlary çykaryp, jamyň içine örüp başlaýar. Gabyň içinde goýara ýer galmaýança daşlary örýär. Soň ol okuwçylara seredip: «Banka doldumy?» diýip soraýar. Synpdakylar: «Hawa, doldy» diýýärler. Hünärmen: «Hä-ä, doldy diýseňiz-le…» diýýär-de, aşakdan başga bir torba çykarýar.

Onuň içindenem ownugrak daşlary çykarýar we olaram şo gabyň içine guýuşdyrýar. Ondan soň ýene okuwçylardan soraýar: «Nätdi, dolupdyrmy?!». Oturanlar ýylgyryşyp, başlaryny ýaýkaýarlar. Soňam ol bankany eline alyp, iki ýana yralaşdyrýar. Ownuk daşlar uly daşlaryň arasyna ýerleşýärler. «Indi doldumy?» diýip, hünärmen ýene soraýar. Okuwçylar «süýtde agzyny ýakan, suwy üfläp içer» diýlişi ýaly: «Ýok, entegem gowy doldy diýip bolmaz» diýýärler. «Berekella, düşünip başladyňyz!» diýip, wagtyňy peýdaly ulanmak baradaky hünärmen stoluň aşagyndan bir torba çäge çykarýar. Gaby yralap-silkeläp, daşlaryň arasy dolýança guýýar. Onsoň ýene soraýar: «Indi nätdi, doldumy?». Oturanlar näme diýjeklerini bilmän, seslerini çykarman seredişip durýarlar. Hünärmen soragyny gaýtalansoň, bir ekabyr okuwçy: «Ýok, dolanok» diýýär. Hünärmen oň berekellasyny ýetirip, bankanyň içine dolýança suw guýýar.

Hünärmen: «Siz bu tejribeden näme sapak aldyňyz?» diýip soraýar. Ýaňky ekabyr okuwçy ýene birinji jogap berýär: «Şeýle sapak aldyk: bir günde näçe işleýänem bolsak, iş aralarynda başga işleri etmäge-de wagt bardyr».

Hünärmen ýylgyryp başyny ýaýkaýar: «Ol aýdýanyňam gowy, ýöne meniň pikirimçe asyl çykarmaly sapagymyz: uly daşlary, ýagny, durmuşymyzdaky esasy işleri gabymyza birinji goýmasak, soň gabymyzda ýer galmaz. Her kimiň durmuşynda öz «uly daşy» bar» diýýär. Okuwçylar biraz pikirlenip, aýdylanlary aňynda aýlaýança wagt geçenden soň: «Siziň durmuşyňyzdaky «uly daşlar» nämeler, siz öz uly daşlaryňyzy «gabyňyza» öňürti salýaňyzmy, ýa gabyňyzy gum-sum ýa-da suw bilen dolduryp, uly daşlara ýerem goýaňzokmy?» diýip, sözüni tamamlaýar.

Bu kiçijik tejribeden kimiň nähili sapak çykarjagy belli däl, ýöne şol okuwçylaryň welin köpüsi dogry netije çykarypdy.

Bilim, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir