Biri öýde işletmek üçin hyzmatkär tutunýamyş. Öý eýesi täze hyzmatkärine işiň şertlerini düşündirip bolandan soň, ýene-de bir gezek gaýtalap aýdýar: -Berk belläň! Biz ertirlik naharymyzy irden sagat 7-de iýýändiris! Gijä galaýmaň! Hyzmatkär: -Men hemmesine düşündim. Ýöne birden gijä galaýsam, nahara mensiz başlaberiň Huşy gidişen bir garry daýzaň gürrüňi: -Arada Annajemallara diýip gitdim welin, Oguljemallara baraýypdyryn. Barsamam Bibijemal ýok eken… Talyp (student) diskotekada gyz bilen tans edip ýörmiş. Birden biziň talybymyz özünden gidip ýykylýar. Ýanyndaky gyz gygyrmaga başlaýar: -Suw getiriň, suw! Bärde biri özünden gitdi… Talyp ýigit ýatan ýerinden gözjagazyny açyp, ysgynsyzja ses bilen: -Bir döwüm çöregem getirsinler-le… Öý eýesi myhmandan soraýar: -Agam, gök çaý işjekmi ýa-da gara? -Inim, mysapyr göwnümiz bardyr, bize ak çaý berseňem bolar!

Köneler, guler_yuzli tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir