Ýyldyz futbolçydan ökde tälimçi bolmaz diýen düşünjäni aýran adam
düýün ussat tälimçi Zinedin Zidanyň doglan güni. “Real Madridiň” tälimçisi Zinedin Zidan 48 ýaşady. 1972-nji ýylyň 23-nji iýunynda Fransiýanyň Marsel şäherinde dünýä inen Zidan “AS Foresta”, “US Saint-Henri”, “SO Septèmes-les-Vallons” hem-de “Kann” futbol toparlarynyň ýaşlar düzüminde oýnanyndan soň, 1989-njy ýylda “Kannda” professional derejede futbola başlaýar. 1992-nji ýyla çenli bu klubda, soňra-da “Bordoda” çykyş edýär. 1996-njy ýylda Ýuwentusa transfer bolan Zidan bu klubda tutuş dünýäde tanalýar. 5 ýyldan soň, “Real Madrid” toparyna rekord baha transfer bolup, ispan klubunyň düzüminde-de 5 ýyl oýnaýar. Oýunçylyk ýyllarynda “Bordoda” Intertoto kubogyny, “Ýuwentusda” “Serie A”-nyň çempionlygyny (2), Italiýanyň Super kubogyny, UEFA Super Kubogyny, Yklymlararasy kubogy, Intertoto kubogyny, “Real Madridde” bolsa, “La Liganyň” çempionlygy, UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA Super kubogyny, Yklymlararasy kubogy eýelemegi başarýar. Fransiýanyň milli toparynda 108 oýunda 31 gol geçiren Zidan milli ýygyndy bilen 1998-nji ýylda Dünýä Kubogyny, 2000-nji ýylda-da Ýewropanyň çempionlygyny gazanýar. 2006-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň finaly onuň iň soňky duşuşygy bolýar. Şol finalda Marko Materazzini süseni üçin gyzyl kart alan Zidan Dünýä çempionatlarynda iň köp gyzyl kart alan futbolçylaryň biridir. Zizu lakamy bilen tanalýan Zidan ýyldyz futbolçydan güýçli tälimçi bolmaz diýen düşünjäni ýykmagy başaran az sanly şahsyýetleriň biridir. Ol 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda “Real Madridiň” tälimçiligine belleninden soň, 3 möwsümläp, UEFA-nyň çempionlar ligasynyň kubogyny alýar we muny yzly-yzyna başaran ilkinji tälimçi bolýar. Bir ýyla golaý wagtlyk arakesmeden soň, täzeden “Real Madridiň” tälimçiligine bellenen Zidan häzirki wagtda “La Ligada” “Barselona” bilen çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýar.

Zidanyň 3 ogly hem edil kakalary ýaly ýyldyz bolmasa-da häzirki wagtda dürli klublarda çykyş edýär.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir