Dubaý 7-nji iýuldan daşary ýurt syýahatçylaryny kabul etmäge taýýarlanýar
Dubaýyň hökümeti syýahatçylar üçin serhetleri iýuldan başlap açmakçydygyny mälim etdi. Bu barada mk.ru habar berýär. Emirligiň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, beýleki döwletleriň raýatlary Dubaýa 7-nji iýuldan gelip bilerler. Serhetden geçmek üçin syýahatçylar hökman koronawirus keseliniň ýokdugy barada güwanama görkezmeli ýa-da geleniňden soň gönüden-göni aeroportda analiz tabşyrmaly. Ýöne şahsy şahadatnamasy bolanlar Dubaýa 22-nji iýundan baryp bilerler. 23-nji iýundan Dubaýyň ýaşaýjylaryna daşary ýurtlara syýahat etmäge rugsat berler.
Belläp geçsek, BAE-de 26-njy martdan Abu-Dabiniň we Dubaýyň aeroportlary koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli gatnawlaryň kabul edilmegini we iberilmegini saklady.
Öň, Saud Arabystanda 21-nji iýundan komendant wagtynyň aýryljakdygy habar berildi. Muňa garamazdan, ýurtda köp çäklendirmeler ozalky ýaly hereket eder. Esasanam, daşary ýurtlara syýahat etmeklige we zyýarat etmä gadaganlyk güýjünde galýar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir