Bir ýere baranyñyzda "essalamu aleýkum" diýip baryñ,bu bolsa "Men size dynçlyk dileýärin" diýmekdir.Dynçlyk bolsa ýer ýüzünde iñ gymmatly nygmatdyr.

Ata-eneñize hemişe mähriban boluñ.
Dogan-garyndaşlaryñyza kömek ediñ.
Gysganç bolmañ,ýöne isripçilige hem ýol bermäñ.
Utançsyz-haýasyz,edepsiz bolmañ.
Ýersiz ýere gan dökmäñ
Söwdagär bolsañyz,dogry ölçäñ,dogry çekiñ.
Tekepbir,şöhratparaz,öwünjeñ bolmañ.

Yslam dini musulmançylyk hökmany bäş şert bilen berjaý bolýar diýip hasaplaýar.Olar şu aşakdakylardan ybarat:
Keleme öwürmek-manysy "Alladan başga alla ýokdur,Muhammet bolsa Allanyñ resuly-wekilidir" diýip ykrar etmekdir.

Namaz okamak-her bir musulman günde bäş wagtyna:ertir,öýle,ikindi,agşam we ýassy namazyny okamaly.

Oraza tutmak-musulman senenamasynyñ dokuzynjy aýy bolan Remazanyñ bütin dowamynda albyp barylýar.Oraza tutýan dindar,günuzyn hiç zat iýmeýär-içmeýär,çilim çekmeýär,nas atmaýar,agzyna hiç zat almaýar.Gündiz ol adam öz işini edýär,namaz okaýar.Gurhan okaýar,gowy arzuwlar,Hudaýdan ýagşy dilegler edýär.Iýmek-içmeklige Gün ýaşandan,Gün dogmanka (şol aralykda) rugsat edilýär.

Sadaka -Hudaý ýoluna aýdylan zady bermek,haýyr-yhsan,hüşür-zekat bermek.Sadakanyñ düýp manysy zadyñy garyp-gasarlar,köpçülik bilen paýlaşmak,jemgyýete peýdaly iş etmek.

Zyýarat etmek-gurby we mümkinçiligi bolan her bir musulmanyñ Mekgä gitmek borjy hasaplanýar.Zyýarata gidip gelen "Hajy"diýen hormatly ada eýe bolýar.

Chesmesi:Orta hünär we ýokarly okuw mekdepleri üçin "Turkmenistanyn Taryhy"sahypa-108-109

Edebiýat, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir