Serpaý


Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady...
Ýene howa garalyp,

ýagyş çisňäp başlady,

Leýlisaçlar eda bilen

saçlaryny çöşledi.

Beýle pikir etmändim men

bu golaýda, bu çakda,

Birden agyr oýa batdym

ölüm hakda, sen hakda.

Oýa batdym: ýoklugymda

öňküsi deý ýagar ýagyş,

Gunçalaň agzyny açar;

aýnamyza çeker nagyş,

Dag tarapdan taýyp geler

ýaşyl şemal, näzik şemal.

Niçik oýa batarsyň sen

meniň ýoklugymda şo hal.

Geldi şonda göz öňüme

bir perişan halyň seniň,

Edil şunky howa ýaly,

syýa ýaly şalyň seniň.

Hesretiň gara deňzinde

gark bolup ýörüşiň seniň

Mensiz galan bu dünýäni

dowzah deý görüşiň seniň.

Diýdim şonda öz-özüme:

«Eý, ýok zatlaň pikrin eden,

Heý, ýary şu halda taşlap,

gidip bormy bu dünýeden?»

Gurbannazar Ezizow

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir