[kiçiräk ýatlatma! Marsly - «özüniñ duýgularyna, bilesigeljiligine hyýaly oýlanmalarynyñ üsti bilen jogap gözleýän, bir hyýalbent.»]


[...ýok, ýazmaýyn. Bolmaz... Ýazaýyn, belki, Bolar...  Gel, gowusy goýbolsun edeýin.  Ýok, iñ bolman-da synanyşyp göreýin...
Jupiter_Fire

Göwünde garratma etsem-pessemiň,
Ruhyňyz tug deýin belentde bolsun!
***
Sen beýik bol, sebäp halkyñ beýikdir,
Türkmeniñ pes ogly bolmak aýypdyr.
Saparmyrat NYÝAZOW

     Marsly, Magtymguly Pragynyñ goşgularyny her gezek haýranlyk bilen okardy. we, Manysyna düşünjek bolup, gaýtalap-gaýtalap okar, käbirlerini ýatdan aýdardy. Her näme etsede doly manysyna, hiç düşünip bilmedi.
     Oña ilkinji kitabyny, atasy sowgat beripdi.
     Aradan epesli ýyl geçdi... Ine, bu gün stolyñ üstünde ýene şol köne kitap we köne ýatlamalar... 
     Marslynyñ gözüne ýaş aýlandy(özüne ýakyn saýanlary, ýa indi ýokdy, ýa-da daşlaşypdy). Atasy bilen hoşlaşanda çagajykdy. Şonda-da, o ýatlamalarynyñ, hiç aklyndan çykmajakdygyny bilýärdi. Atasynyñ, Magtymgulydan öwreden bir goşgysy bardy, mydama diline senady:

Magtymguly, sözle herne bileniñ,
Özüñe kemlik bil aýtman öleniñ,
Taraşlap şyglatgyl,köñle geleniñ,
Senden soñkulara ýadygär bolar.

    
     Gury ýere Okap söz manysyna ýetip bolmajagyna bu gün göz ýetirdi. Setirleri diñe okamak dälde eýsem, setirleri ýazanyñ setirlere siñdiren duýgularyny hem duýmagy başarmak gerekdi. Duýgular barada bolsa Marsly tejribesizdi. Hemme zat tehnologiýa we elektron(sanly.ulgam) ýagdaýda amala aşyrylan(duýgularam indi "emoji" bolan) soñ duýdular bilen känbir duýgudaş bolmandy(ýa-da bar duýgylary, ýakynlary bilen ölüpdi).
     Ýöne, şonda-da beýik şahsyýet Magymguly Pyragynyñ goşgylarynyñ syryny bilmek isleýärdi. Bir ýerlerde şu setirleri okapdy:
"Setirleri diñe okamak dälde eýsem, setirleri ýazanyñ setirlere siñdiren duýgularyny hem duýmagy başarmak gerek".
     Bu setirler Marsla ylham beripdi...
     Howwa, häzir bolsa gidip Magtymguly Pyragy bilen söhbetdeş bolmak we goşgylarynyñ syryny soramak isleýärdi. Ýöne nädip?!...
     Kän oýlandy... Gördi-bakdy  elinden hiç zat gelenok. Marsly diñe arzuw eder, hyýal dünýäsinde ýaşardy(ölen duýgulary hamala hyýal dünýäsinde janlanardy). Sebäbi, hyýal dünýäsinde ähli zady isleýşi ýaly edip bilýärdi. Hakyky durmuşda bolsa, beýle däldigini  bilýärdi.
     Marsly bu zatlary bilsede, düşünse-de näme üçindir kabul etmek islemeýär, hakykatdan gaçar, diñe hyýaly dünýede ýaşamak isleýär?!
     Öz elinden zat gelmejegine gözi ýetensoñ, iñ soñky çäre hökmünde Ýupiterli dosty (Jupiter)Fire-dan kömek soramaga karar berdi. Fire-a derdini aýtdy, dermany Ýupiterden ýola çykdy...

     Fire, Marsly üçin «Taryha Zyýarat Ulagy»-ny (TZU) taýar ýagdaýa getirip, ulanmagyñ düzgünnamasy bilen tanyşdyranyndan soñ münmäge rugsat berdi. Marsly TZU-na münüp, gidiljek wagty we kim bilen söhbetdeş boljakdygy barada maglumatlary ýazanyndan soñ "dowam etýäs" düwmesine basdy, we gözüni mäkäm ýumdy...

      Gözüni açsa ine garşysynda Magtymguly Pyragy. Edep bilen salamlaşyp hal-ahwal soraşanyndan soñ, Marsly söze nirden başlajagyny bilmän aljyrap, elindäki köne kitaby uzatdy:
- Goşgylaryñyzy uly höwes bilen okaýan, ýöne syryny çözüp bilmedim. Sizden soraýyn diýip geldim!...

     Magtymguly Pyragy, Marsla duýgu(???) doly gözler bilen seretdi welin, "söz ýeri jaý bolsa" o gözler içiñden geçip gelýärdi. Marsly,  Magtymguly Pyragynyñ gözlerinden şu setirleri okady:

- Bir kitaby okanyñ bilen bar zady öwrenip bolmaz. Söz manysyna düşünmän, syryny nädip biljek? Hyýal dünýäsinde gezip, hakykaty nädip tapjak?
Saña galdyrylan myrasa eýe çykman, gelip hasap soramaga nadip ýürek etdiñ? Meñ ýanyma gelýänçäñ, gyzylbaşlaryñ elinden kitaplary halas etsediñ bolmazdy-my? Galanynama ogurladypsyñ, gorap saklasañ bolmaýarmy?
Indi syryn bildiñemdä, näme hyýal bar kelläñde?  Utanman nädip gepledip bildiñ, meni öz hyýalyñda? ... ... » - o gözlere seredip durup bilmedi, onça duýga ýürek daýanmady.

we utanjyndan ýaña, bir ýer ýarylmady, Marsly hem ýeriñ düýbine girip bilmedi...
11.06.2020 
@Allaberdi

Gyzylbaşlar gelip weýran etdipdir,
Kitaplary oda-suwa atypdyr.
Galanyny ogurlapdyr,  ... ,
Bize yeten, ol, küýzeden damjalar?!

    
[eger bar kitaplary günümize gelip ýeten bolsa...]

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir