Ibragimowiç ýolbaşçylar bilen oňşuksyzlygy sebäpli “Milandan” gider
Hüjümçi Zlatan Ibragimowiç “Milan” italýan futbol klubyndan gider. Ibragimowiçiň “Milanda” galmak mümkinçiligi futbolistiň klubyň baş müdiri Iwan Gazidis bilen dawasyndan soň barha azalýar. Bu barada euro-football.ru habar berýär. Öň, Ibragimowiç Iwan Gazidisi kluby ýaramaz dolandyrýandygy we koronawirus pandemiýasy döwründe zähmet haklaryny peseltmek baradaky çözgüdi üçin tankytlady. Şu wagta çenli Zlatan 2020-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenilen şertnamany uzaldar diýlip hasaplanylýardy. Dawadan soň şeýle ýagdaýyň bolmak mümkinçiligi örän pes. “Gazzetta dello Sport” neşiriniň habar bermegine görä, 38 ýaşly hüjümçi öz karýerasyny “Hammarbýuda” dowam etdirip biler. Güýzde Ibragimowiç bu kluba şärik boldy, ýazda bolsa ol koronawirus pandemiýasy döwründe topar bilen bilelikde türgenleşik geçdi.
Ýöne şol bir wagtda häzirki pursatda Ibragimowiç “Milana” çempionatyň jemi boýunça Ýewropa ligasyna petek almaga kömek etmekde ünsi jemleýär.
Öň, “Milanyň” ýolbaşçylygynyň Ibragimowiç bilen şertnama baradaky gepleşikleri has soňa süýşürmek isleýändigi habar berildi. “Milan” Ibragimowiçiň geçmegi barada geçen ýylyň dekabrynyň ahyrynda yglan etdi. Ibragimowiç “Milan” bilen 2020-nji ýylyň ýanwarynda şertnama gol çekdi. Klub üçin 10 oýunda futbolist dört gol saldy. Häzirki wagtda Ibragimowiç injik şikesinden bejergi alýar we ol 22-nji iýuna çenli meýdança, “Leççä” garşy oýna dolanyp barmagy umyt edinýär. Ol Italiýanyň kubogynyň anna güni “Ýuwentusa” garşy jogap ýarym final oýnunda (0:0) hem çykyş etmedi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir