Singapurda ähli ýaşaýjylara aragatnaşyklary yzarlaýjy gurluşy bermegi meýilleşdirýärler
Singapur hökümeti ähli ýaşaýjylary koronawirusy bar bolan adamlar bilen aragatnaşyk eden adamlary hasaba almaga ukyply bolan dakylýan elektron gurluşlar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Reýter agentliginiň žurnalistlerine salgylanmak bilen regnum.ru habar berýär.
Gurluş ýurduň 5,7 mln ýaşaýjysynyň hemmesine berilmeli ediler. Gurluş ony ýantorbada ýa-da bagjykda götermek mümkin bolar ýaly kiçiräk göwrümli bolar. Žurnalistleriň habar bermegine görä, ony smartfonlaryň we durnuksyz işleýän Bluetooth simsiz baglanyşygyň esasynda hereket edýän ulgamyň ýerini tutujy hökmünde çykarmaly diýen karara geldiler.
“Biz smartfonuň barlygyna ýa-da ýoklugyna bagly bolmajak dakylýan gurluşlary işläp taýýarlaýarys we tiz wagtdan çykararys” – diýip, “Akylly millet” programmasyna ýolbaşçylyk edýän ministr Wiwian Balakrişnan habar berdi. Ol ulanyjynyň programmada bellige alynmalydygyny we SMS boýunça özboluşly belgi almalydygyny aýtdy. Şundan soň programma şu belginiň üsti bilen metr aralygynda ýerleşýän beýleki ulanyjylar bilen alyş-çalyş eder. Eger-de ulanyjylaryň birinde COVID-19 ýüze çykarylsa, saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleri onuň soňky wagtda aragatnaşyk eden adamlarynyň maksimal toparyny gurnar. Hökümetde programmanyň adam barada şahsy maglumatlary ýygnamaýandygy bellenildi.
Bu gurluşyň meýletin ýa-da hökmany dakylmalydygy barada heniz habar berlenok. Ministr birinji tapgyrda gurluşyň netijeliligini bahalandyrmak üçin synaglaryň geçiriljekdigini nygtady. Gurluşy ulanmakda diňe ýokary netije alnan ýagdaýynda ol ähli ýaşaýjylara ýaýradylar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir