ABŞ BSGG bilen gatnaşyklaryny doly bes edýär — Donald Tramp
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen mundan beýläk hyzmatdaşlygynyň dowam etmekden ýüz öwürýändigini yglan etdi. Bu barada Euronews agentligi habar berýär. Bu gurama meýilleşdirilen serişdeleriň ählisi — ýagny, ýylda 450 mln dollar töweregi beýleki ugurdaş guramalara gönükdiriler.
Trampyň aýtmagyna görä, BSGG «öz baş wezipesine hötde gelip bilmedi we munuň üçin jogapkärçilik çekmeli». Mundan öň, ol guramany Hytaýyň bähbitlerine hereket etmekde, koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýardam etmekde we netijede bolsa — ABŞ-nyň prezidentiniň garaýşyna görä — has giň möçberli epidemiýa getirmekde aýyplapdy.
Aprel aýynyň ortasynda Tramp Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny maliýeleşdirmekligini togtatdy, 19-njy maýdan bolsa, ultimatum goýdy. Ýagny, ol 30 günüň içinde BSGG-ni özgertmegiň meýilnamasyny hödürlemegi talap etdi. Mundan başga-da, ol guramanyň ýolbaşçysy bilen Hytaýyň hökümetiniň arasynda mümkin bolan dildüwşük boýunça derňew geçirmegi tabşyrdy. Trampyň sözlerine görä, BSGG Waşingtonyň tekliplerine laýyklykda, özgertmeleri geçirmekden boýun gaçyrdy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir