Zidan üzňelikde galmak düzgünini bozdy
Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi Zinedin Zidan üzňelikde saklanmak düzgünini bozdy. Bu barada Sport.es saýtyna salgylanmak bilen Trend agentligi habar berýär.
Neşiriň habar bermegine görä, Zidan Ispaniýanyň paýtagtynyň çetindäki bir obada — bir ýyl mundan öň satyn alan öýünde görnüpdir. Bellenilişi ýaly, Madridiň ýaşaýjylaryna şäheri ýeterlik sebäpsiz taşlap gitmäge rugsat berilmeýär.
«Realyň» baş tälimçisine €1 müň möçberde jerime salnyp bilner.
23-nji maýda Ispaniýanyň hökümeti 8-nji iýundan ýurduň futbol boýunça çempionatyny dikeltmäge rugsat berdi. Ol koronawirus zerarly saklanypdy. Soňky maglumatlara görä, COVID-19-dan 345 müňden gowrak adam aradan çykdy, 2,2 mln adam sagaldy. Kesellänleriň umumy sany 5,4 mln adamdan geçdi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir