BKFC Taýsona göreş üçin 20 million dollar hödürlär
Bare Knuckle Fighting Championship atly ýumruk urşy promouşeniniň prezidenti Dewid Feldman guramasynyň meşhur boksçy Maýk Taýsona teklip hödürlemegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy. Bu barada MMA Fighting saýtyna salgylanmak bilen glas.ru habar berýär. Ýatladyp geçsek, öň 53 ýaşly boksçy ringe dolanýandygy barada habar berdi we oňa çagyryş eden islendik adam bilen urşa çykyp biljekdigini aýtdy. BKFC-niň ýolbaşçysy agyr agramda dünýäniň ozalky absolýut çempionynyň boks elligini geýmezden göreş geçirmegine 20 million dollardan gowrak hödürlemäge taýýar.
— Şertnamanyň anyk bahasyny aýdyp bilemok, ýöne bu 20 million dollardan köp. Meniň pikirimçe, men munuň geçmegi üçin näme etmelidigini bilýärin. Men Wanderleý Silwanyň kandidaturasy şeýle göreş üçin laýyk geler diýip çaklaýaryn. Silwanyň ýaşyna seretmezden, ol heniz hem howply. Meniň pikirimçe, bu gyzykly waka bolup biler. Ýöne biz entek dalaşgär bilen anyk netijä gelmedik. Ilki Maýk bilen gürleşmeli, soňra garşydaşy gözlemeli” – diýip, Feldman aýdýar.
Wanderleý Silwa öň UFC, Pride we Bellator ýaly promouşenlerde çykyş eden MMA-nyň 43 ýaşly göreşijisi. Ol “Wrestling Observer” meşhur žurnalyň hasaplamasy boýunça iki gezek ýylyň iň gowy göreşijisi boldy. Taýson barada aýdylanda, ol taryhda agyr agramda iň gowy göreşijileriň biri hasaplanylýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Taýson WBA, WBC we IBF-iň wersiýalary boýunça çempion guşagyna eýeçilik etdi. 1986-njy ýylda ol ikinji raundda Trewor Berbiki nokauta gidirmek bilen dünýäniň iň ýaş çempiony boldy. Professional ringde amerikaly 50 ýeňiş gazandy (44 – nokaut arkaly), alty gezek ýeňildi, iki göreş geçirilmedi diýlip yglan edildi. Taýsonyň soňky göreşi 2005-nji ýylda boldy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir