Makgregor: Meýwezer bilen haklaşmaga taýýar
Irlandiýaly urşujy Konor Makgregor amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bilen täzeden ringe çykmak isleýändigini aýtdy. Ol özüniň twitter sahypasynda: “Seredip otursaň, gaty gowy uruş bolupdy. Ilkinji raundlarda menem öz güýjümi gaýgyrman göreşipdim. Aýaklar ýadanyndan soň, oňa meni ýeňmek başartdy. Men Maýk Taýson ýaly birnäçe ussatdan meniň çykyşym barada öwgüli sözler eşitdim. Bu tutluşygyň rewanşyna çykmaga men taýýar” diýip, ýazdy.

Mälim bolşy ýaly, Makgregor bilen Meýwezer 2017-nji ýylyň awgustynda tutluşyk geçiripdi. Şondan Meýwezer tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanypdy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir