Amazon we Netflix kinoönümçiligi dikeldýär
Amazon we Netflix kompaniýalary Fransiýanyň territoriýasynda kinoönümçiligi dikeldýär. Bu barada kinonews.ru habar berýär. Variety neşirinde bellenilişi ýaly, gürrüň “Voltaire, Mixte” we “Arsene Lupin” seriallary barada gidýär. Bu taslamanyň ikisi hem ýurtda täze görnüşli koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda karantin girizilende, ýagny 2020-nji ýylyň mart aýynyň ortalaryndan saklanyldy.
Kino düşürilme işleri Fransiýanyň günortasynda, şeýle-de iýunyň başynda öz işini gaýtadan dikeltjek Luwr muzeýiniň territoriýasynda alnyp barylar.
Belläp geçsek, Fransiýanyň hökümeti kino boýunça banklarda, karz beriji we ätiýaçlandyryjy edaralardan başlap, sebit häkimiýetleri we hususy hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Milli geňeş tarapyndan esaslandyrylan kompensasion gaznanyň döredilmegini tassyklady.
Medeniýet ministriniň tassyklamasy boýunça, gazna 50 million ýewro möçberdäki pula eýeçilik eder, pandemiýa wagtynda saklanylan ýa-da ýatyrylan kino we telewizion üpjünçiligi bolsa onuň garamagynda bolar.
Belläp geçsek, Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom ştatyň territoriýasynda gysga metražly filmleriň we telewizion seriallaryň düşüriliş işleriniň geçirilmegine gadaganlygyň ýatyryljakdygyny aýtdy. Kinoönümçiligi tapgyrlaýyn dikeltmegiň meýilnamasy 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda hödürleniler, kino düşürilmeler eýýäm indiki hepdede başlanylar. Netflix kompaniýasynyň önümçilik departamentiniň ýolbaşçysy Ted Sarandos Kaliforniýada filmleri düşürmeklige öň rugsat edilen ýerlerde, ýagny Şwesiýada ýa-da Günorta Koreýada ulanylýan howpsuzlyk teswirnamasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýär.
"Biziň häzir gelmeli netijämiz öýde galmaly ýa-da däldiginde bolman, biziň nädip işe howpsuz dolanmagymyzda jemlenýär. Muny doly derejeli meýilleşdirmek bolar. Men munuň üstünde dünýäniň iň akylly adamlarynyň işleýändigine ynanýaryn” – diýip, ol teswir berýär.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir