“Mançester Ýunaýtediň” karzy 429 million funta ýetdi
“Mançester Ýunaýted” şu möwsümiň aralyk maliýe görkezijilerini yglan etdi. Bu barada news.sportbox.ru belleýär. Koronawirus pandemiýasy sebäpli karz möçberiniň ilkinji üç aýyň içinde 127,4 million funta (ösüş 42%) çenli ýokarlanandygy habar berilýär. Karzyň umumy bahasy 429 million funta ýetdi. Girdeji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31-nji marta çenli 19% pese düşdi we 123,7 million funta barabar boldy. Girdejiniň peselmeginiň esasy sebäpleriniň biri geçen möwsümde “Mançester Ýunaýted” Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna ýeten wagtynda klubyň Ýewropa Ligasyna gatnaşmagydyr.
Klub APL-nyň oýunlarynyň görkezilişine jogap berýän kompaniýalara 15 million funt töweregini gaýdyp berer. “Mançester Ýunaýtedde” “COVID-19 sebäpli saklanýan näbelliligi we şunuň bilen bagly ykdysady we maliýe netijelerini göz öňünde tutup”, klubyň 2020-nji ýyl üçin öňe süren ozalky çaklamasyny aýyrýandygy habar berildi.
Şeýle-de, esasy karzyň ABŞ dollaryndaky umumy bahasy üýtgewsiz galýar.
Koronawirus pandemiýasyna we onuň ýetirýän täsirine garamazdan, klubda durnukly maliýe bazasy barada habar berdiler, bu bolsa “Mançester Ýunaýteda” geljek tomusda gerekli futbolistleri satyn almaga mümkinçilik berýär.

Sport, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir