“Ýollanmadyk hat” (hekaýa) Abdykerim Berdiliýew. Ol öten agşam hem oňly uklap bilmändi. Garjaşyk pikirler kellesinde iki ýana at çapýardy. Ahyrynda olar özara göreşip ýadadylarmy, nämemi, ol belli bir karara geldi: “Hat ýazmaly! Ýogsa näme, ol her gün kellesine taýak degen ýaly, iki ýana elewräp, ýaşap ýörüp bilmezä. Onsoňam ol bir nätanyş ýat adam däl-ä. Ol mähriban ahyryn. Kim düşünmese-de, ol maňa düşüner. Wah, öň niredediň diýsene?! Ýöne entegem giç däl. Gel, bir bagtymy synap göreýin”. Gutly eliniň aşagyndaky boş kagyza bir salym üns bilen seredip durdy-da, şeýle setirleri ýazmaga başlady: “Salam ezizim, Mährigözel!” Ýazanlary göwnüne ýaramadyk bolarly. Ol ilki-hä “ezizim” sözüniň üstüni çyzdy, soňam ony gaharly düýrledi-de, şoňa meňzeş düýrlenip ýatan kagyzlaň üstüne oklap göýberdi. Öňem haýsy sözden başlap, haýsy sözde tamamlajagyny bilmän, birnäçe kagyzy derege ýaramaz ýaly eden Gutly kellesini tutdy. Ahyry aýgytly netijä gelen ýaly täze kagyz alyp, täze ýazga başlady “Salam, Mährigözel!” Gutly bu iki sözi içinden, daşyndan birküç ýola gaýtalady. Gaýtaladygyça gözleri ýitelip, ýüzi ýagtylyp ugrady. Birneme dikeldi, maňlaýynyň derini süpürdi-de öz ýanyndan şadyýan seslendi: -Haý, jan-a, Salam-a ýerine düşdi öýdýän. Başy şeýleräk başlanan salam haty aşyk ýigidiň ençeme wagt bäri “diýsem-diýsem” diýip, ýüreginde besläp ýören isleg-arzuwlary ak kagyzyň ýüzünde hüjürlenip ugrady. Gutlug uly bir esere başlan ýaly bar ünsüni bu salam hatyna beripdi. Dünýäni unudypdy. Ahyry aşyk ýigit uly bolmadyk eserine nokat goýdy. Ol haty gaýtalap-gaýtalap okady-da o hatyň hiü bir ýalňyşsyz ýazylandygyna, many-mazmun taýdan öz göwnüne laýykdygyna göz ýetirdi. Soňra salam haty öňünde goýup oýa batdy. “Mährigözel bu haty nähili kabul ederkä? Nähili jogap bererkä?” Gutlug oýa batyp bir salym otyrdy. Haty bir göterdi, bir goýdy. “Ýüzüne atyram sepäýsemmikäm?” Ol hatyň ýüzüne seredip oturşyna ýylgyrdy. Şu ýazan zatlarymy Mährigözeliň özüne-de aýdyp bolýa welin, oň özi bir dogumyň öýjügi. Jogabymy şol duran ýerimde beräýse nätjek?” Şol wagt oň ýaňagy gyzyp giden ýaly boldy. “Menä şu hatymdanam gorkman duramok. Hernä artykmaç zat ýokdyrda”. Ol öwrenjeň çagaň hat okaýşy ýaly haty täzeden hitjikläp, sesli okamaga durdy. “Salam Mährigözel! Men şu haty ýazmak bilen öz ýüregimde lowlap tutaşan söýgi oduny size ýetirmek isledim. Ynha, indi ençeme wagt bäri, bu söýgi ody öz günüme goýanok. Gündiz otyrdanok, gije ýatyranok.. Has dogrusy meni öz erkime goýanok. Şol sebäplem şu haty ýazmaga mejbur boldum. Mährigözel seniň Aý dek ýüzüň, pyýala delk gözüň …” Birdenem Gutly sesini kesdi. Onuň gözlerine hatyň ýüzünde Mährigözeliň keşbi peýda bolan ýaly boldy. Onuň gözwnňne bolmasa, gyz salam hatynyň bir burçundan girdi-de, ýuwaş-ýuwaş golaýlap, onuň alkymyna dykylyp geldi. Aşyk ýigidiň gulagynda Mährigözeliň sesi ýaňlanyp gitdi: “Gutlyş hany sen soňky sözleriňi gaýtalap goýber!” Gutlynyň sesi endiräp çykdy: - Seniň Aý dek ýüzüň, ýyýala dek gözüň, pisse dodaklaryň… “Dur-dur, aý oglan meň Aý dek ýüzüm, ýyýala dek gözüm barmy??? Ýaňy dälmi seniň: “Gözüňi çakgyň cüýi ýaly edip jikgerme” diýip ýöreniň. Dodagymam pisse däl, öz dodagymyň nähilidigini özüm gowy bilýän. Onsoňam meniň dodagym bilen näme işiň bar???” Gutly elindäki sandyraýan galamyny kagyzyň ýüzünde ýöretdi. -Aý şu ýerini-hä özümem birhili gördüm “POZ” diýseň, pozaýaryn. “Oka, yzyny oka, ozüňem sakynman oka!”. Aşyk ýigit dodagyny tirpildedip okamagyny dowam etdi. -Seniň baýdak deý bo-syratyň meni öz günüme goýmady. “Aý, oglan, näme beýle ýalan sözläp otyrsyň. Mekdepde okaýarkak sen maňa: “Aýakly garpyz ýaly bolup, haçan görseň aýak aşagyna çolaşyp ýörsüň” diýýädiňle! Näme indi üýtgäýdimmi??? Gutly ysgynsyz pyşyrdady: -Onam pozaýynmy? “Soramaň näme? Poz. Poz diýmäkäm poz. Hany yzyny, yzyny oka” Aşyk ýigit halys ysgyndan gaçdy. -Assa basyp, seýkin basyp ýöreýşiň… Mährigözel bu gezegem onuň sözüni soňlamagyna goýmady: “Aý, Mejnun sen nähilek adam! Sen näme meni tanaňokmy?? Men assa ýöräp seýkin basýanmy?? Men ýörämde “Atly garyna ýaly” diýip yzymdan ygabam-a ýetip bileňok sen” Gutly gyssanjyndan ýaňky sözleň üstüni çyzdy. -M-Mährigözel, ş-u ýerde “T-tolkun atýan saçlaryňam-a# diýlip ýazylypdyr. “Meň saçym owsun atanok, meň gözel ýalan ýaly saçym bar” -N-näme o-onam p-p-pozaýynmy? “Poz, baryny poz, hemmesini poz, Dolanybam maňa şular ýaly hat ýazaýma. Ýazjak bolsaňam ile meňzeş ýaz, bolşumy ýaz. Ýogsa-da boýuňy gysrak ýaly edip meň bilen näme işiň bar-a?? Näme diýjek bolsaňam gelde ýüzüme diý” Gutly naýynjar boýnuny burdy: -Aý-ý, Mährigözel, munyň-a birhiliräk bolýa. Gyzyň sesi haýbatly çykdy: “Hiç hilem däl. Bolmalysy ýaly bolýa. Onsoňam men saňa düşünemok sen şu wagta çenli-ä her kime bir at dakyp, ile göwnüň ýetmän geçdi. Men görgüli seniň üçin “jik-jik” boldum, “hüýpüpük” boldum. Meniň adym “gedeňsä” çenli baryp ýetdä. Indi näme? ÝA aklyňa aýlanaýdyňmy? Indi boldy. Eger ýüregiň agzyňdan çykyp, ýerde togarlanyp ýatan bolsa-da, gel düşünşeli!” Gutlynyň öňki joşgunly keýpine sogan dogralan ýaly boldy.Oturdy-turdy elindäki sandyrap duran salam haty bolsa, aşyk ýigitden aman dileýän ýalydy. Gutly emaý bilen, salam hatyny goýdy-da onuň ýüzüne gynanç bilen atanak çekdi. Soňam haty düýrläp, gysymyna gysdy-da öz başyna samyrdady: -Her näme diýseňem, sen owadan, sen päkize, Mährigözel! Saňa näme üçindir mährim gidipdir. Seni sulhum alypdyr, Mährigözel! Ol şeýle diýdi-de yhlas bilen ýazan hatyny emaý bilen öňki kagyz üýşmelekleriniň üstüne goýdy. Gutly ýene-de bir ak kagyz alyp hat ýazmaga başlady. Bu gezek hat ýeüňil ýazylýardy. Ol niredendir bir ýerlerden göçürüp alan sözlerini däl-de, öz kalbyndaky üýşmek bolup duran pikirini kagyza geçirýärdi. “Goý ýönekeý bolsun, go, sada bolsun. Ýöne ol meniň öz sözüm, öz ýüregimiň sesi bolar. Belki şonda Mährigözelem maňa düşüner..” Gutly başyny galdyrman ýazýardy. Göýä ak kagyzyň ýüzünde niçeme ýyllaryň yşkyndan ýaňa Mährigözeliň nurana keşbi-de janlanyp barýan alydy..

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir