UFC 249-da Jastin Getji nokaut bilen Toni Fergýusony ýeňdi
Dünýä sporty pandemiýadan soň özüne gelýär. 2 aý durgunlykdan soň, MMA-promouşen UFC 249 ahyrsoňunda Jeksonwilde geçirdi. Jastin Getji bäşinji raundda Toni Fergýusony nokaut bilen ýeňmegi başardy we UFC-niň ýeňil agramda wagtlaýyn çempiony adyny aldy. Bu barada Day.Az saýty Вести salgylanyp habar berýär.
«Habibmi? Elbetde, men onuň bilen uruşmak isleýärin. Bu meniň häzir gazanmak isleýän ýeke-täk göreşim» diýip, Getji göreş tamamlanandan soň belledi. Şeýle hem onuň belleýşi ýaly, «ABŞ-nyň iň gowy göreşijisi Russiýanyň iň gowy göreşijisine garşy çykmalydyr». UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt Habibiň güýzde Fergýuson-Getji göreşiniň ýeňijisi bilen göreşjekdigini belläpdi.
31 ýaşly Getji üçin bu ýeňiş karýerasynda 22-nji boldy, Fergýuson bolsa 4-nji gezek ýeňildi.
Nurmagomedow bilen Fergýusonyň göreşi 19-njy aprele meýilleşdirilipdi. Ýöne Nurmagomedow koronawirus pandemiýasy sebäpli Russiýadan çykyp bilmedi, şonuň üçin göreşden hem ýüz öwürdi.

Sport, 12 tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir