Durmuş we ykdysady ösüşiň esasynda ynsan saglygynyň goraglylygyny has-da pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmek, adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak maksady bilen ýörite ylmy-çäreler öwrenilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryny we halkara kadalaryny hasaba alyp ýurdumyzda ilatyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek çygrynda guramaçylyk-usulyýet çärelerini kamilleşdirmek hem-de kadalaşdyryjy binýady berkitmegi dowam etdirmek, raýatlaryň ömrüniň ähli tapgyrlarynda iýmitlenmegiň sazlaşykly we kadaly bolmagyny goldamak, ilatymyzy howpsuz we sagdyn iýmit önümleri bilen durnukly üpjün etmek, iýmit ulgamynda yzygiderli gözegçiligi, baha berşi we ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak hem-de beýleki wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ägirt uly maýa goýum taslamasy, ýagny welaýatyň dolandyrys merkeziniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şol taslama laýyklykda, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň hatarynda saglyk öýi, köpugurly sport toplumy, sport merkezi, stadion, 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiya merkezi, 150 orunlyk Enäniň we caganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi gurlup ulanylmaga berler. «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Ýokanç keseller hassahanasyny gurmak hakynda» taslama laýyklykda, 200 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasy 2020-nji ýylda gurlup ulanylmaga berler. Täze hassahana köne ýerli hassahananyň ornuny tutup, näsaglara ähli we derejesi boýunça düýbünden täze hyzmatlary gurar. Bejeriş işleri innowasion lukmançylyk tehnologiýalary, öndebaryjy tejribeler, endoskop, rentgen we beýleki enjamlar bilen amal ediler. Bu işler Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan saglygy goraýys meseleleriniň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň bagtly geljegi we abadançylygy, işlemek we dynç almak için amatly şertler döredilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir