Surata düşülende kähalatda gözüň ýumulyp galýan pursatlary bolýar. Häzirki tehnologiýa düşülen suraty bada-bat görüp, gaýtadan düşmäge mümkinçilik berýän hem bolsa, öňki döwürde beýle zat ýokdy. Häzirki wagtda ulanylýan smartfonlaryň köpüsi bir sekuntda müňden gowrak kadr surata düşürip bilýär. Has dogrusy bir suraty sekundyň müňden birinden hem gysga wagtda alýar. Ýörite fotoapparatlar bolsa, has gysga wagtda surata düşürýär. Eýsem, gözüňi açyp-ýumasy salymda iň köp näçe kadr surata düşürip bolýarka? Hünärmenler sekuntda 70 million kadr düşürip bilýän apparaty işläp düzdüler. Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan enjam adaty kameralara meňzemeýär. Bu tehnologiýa “Gysylan ultra tiz spektral suratçylyk” diýlip atlandyryldy. Adaty kameradan tapawutlylykda her biri bary-ýogy bir femtosekunt dowam edýän örän gysga lazer şöhlelerinden peýdalanýar. Bu wagt bölegi şeýle bir gysga welin, sekundyň katrilliondan birine barabar bolup, onuň bilen şöhläniň tizligini hem tutup bolýar.

Bu tehnologiýa ilkinji gezek 2014-nji ýylda işlenip düzülipdi. Şol ulgam arkaly 100 milliard kadr düşürip bolýardy. 2018-nji ýyldaky nusgasy bolsa, sekuntda 10 trillion kadr düşürmäge mümkinçilik berýärdi. Indi bolsa, şol ulgam ýedi esse tizleşdirildi.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir