Hytaý BSGG-ni koronawirusyň düýbüni derňemek işine goýbermedi

Hytaý Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň SARS-COV-2 wirusynyň gelip çykyşyny derňemek işine gatnaşmak islegine garşy boldy. Bu barada BSGG-niň HHR-däki wekili Goden Galea habar berýär, muny iz.ru ýetirýär.
Galeanyň aýtmagyna görä, gurama koronawirusyň täze görnüşiniň ýüze çykyş ýagdaýyny anyklamak we täze epidemiýalara ýol bermezlik maksady bilen derňew işine rugsat sorady. Onuň aýtmagy boýunça, BSGG koronawirusyň tebigy gelip çykyşyna şübhe bildirmeýär, ýöne Hytaý Uhandaky iki sany wirusolog barlaghanalary baradaky maglumatyny hem bermedi.
“...Barlaghana ýazgylary islendik doly dokladyň bir bölegi bolmaly... Biz milli derňew işiniň (Hytaý) eýýäm alnyp barylýandygyny bilýäris, ýöne bu tapgyra biz çagyrylmadyk. BSGG ýüz tutmasyny dowam etdirýär” – diýip, Galea aýdýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň hususy derňew işini alyp barýandygyny habar berdi. 15-nji aprelde bolsa Fox News telekanaly koronawirusyň Uhandaky barlaghanadan gelip çykandygy baradaky habary ýetirdi.
Hytaý bu günä ýüklenmesini düýbünden ret edýär. Üstesine-de, amerikan alymlary hem wirusyň emeli gelip çykyşy baradaky çaklamalary ýalana çykardylar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir