NanoAvionics we NASA bilelikde Gün ýelkenini synagdan geçirmek üçin hemra döreder
NASA Gün ýelkenini synagdan geçirmek üçin hemra platformasyny taýýarlar ýaly NanoAvionics nanohemralary öndüriji bilen bilelikde iş alyp barýar, bu barada NanoAvionics kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär, muny rossaprimavera.ru saýty belläp geçýär.
Ýelkeniň meýdançasy 74 kwadrat metre barabar bolar. Hemra pes ortaýer orbitasy boýunça hereket eder.
Bu işiň maksady nanohemrany herekete getirmek üçin Gün şöhlelerini ulanmak mümkinçiligini barlap görmekden ybaratdyr. Gün ýelkenini az çykdajyly ylmy ýumuşlara niýetlenilen, kiçi dartyş güýçli herekete getirijileriň uzak wagtlyk ulanylmasyny talap edýän geljekki kiçi planetara kosmiki enjamlar üçin peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
12U hemralaýyn platformany ýygnama işleri ABŞ-nyň Illionoýs ştatyndaky NanoAvionics täze önümçilik obýektinde alnyp barylar.
Peýdaly enjamyň aýratyn böleklerini bitewileşdirmek işiniň gutarnykly tapgyry NASA Ames obýektinde amala aşyrylar.
“Men NanoAvionics kärhananyň netijede MarCo-A we B (Mars Cube One) ilkinji planetara kubsatlardan soň uzak kosmiki uçuşlara getirjek täze Gün ýelkenini barlamak boýunça NASA-nyň alyp barýan işine gatnaşýandygyna örän buýsanýaryn hem tolgunýaryn” – diýip, NanoAvionics North America-nyň baş müdiri belleýär.
“NanoAvionics” 12U platformasyny ulanmak bilen tehnologiýany görkezmek NASA-nyň taryhynda kompozit bonlarynyň, şeýle-de Gün ýelkenini ýygnamak we çykarmak ulgamynyň ilkinji orbital synagy bolar” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir