Italiýanyň çempionatynyň wagtyndan öň tamamlanmagy mümkin

“Football Italia” neşiri klublara oýunlary 14-nji iýuna çenli geçirmäge rugsat berilmedik ýagdaýynda, onda Italiýanyň birinjiliginiň wagtyndan öň tamamlanyljakdygyny habar berýär. Bu barada glas.ru belleýär.
Belli bolşy ýaly, italýan hökümeti ýakynda karantin režimini gowşadyp başlar. Munuň şeýle edilmeginiň sebäbi ykdysady meseleleriň has hem güýçlenmeginden gaçmakdan ybaratdyr. Futbol klublary hem türgenleşik geçmäge mümkinçilik gazanarlar. Türgenler 4-nji maýdan indiwidual türgenleşigi geçip başlarlar, toparlaryň türgenleşik prosesine bolsa 18-nji maýda başlamaklaryna garaşylýar. Ýöne bu häzirki wagtda türgenleşigi maýyň ilkinji günlerinden başlap dikeltmäge hukuk gazanjak bolýan Seriýa A-nyň wekillerini kanagatlandyrmaýar.
Italiýanyň çempionatynyň klublary futbolistleriň kesellemek howpy pes derejede diýip hasaplaýarlar, çünki türgenleşik toplumlarynda olar beýleki adamlardan daşda bolýarlar. Mundan başga-da, bazalarda oýunçylary günde COVID-19 üçin barlagdan geçirmek mümkinçiligi bar.
Italýan habar beriş serişdeleriniň maglumatlary boýunça, Seriýa A-nyň çäklendiriji çäreleri olara möwsümi dikeltmäge mümkinçilik bermese, ýurduň hökümetine kazyýet arzasyny bermegi mümkin.
Ýatladyp geçsek, Italiýanyň häzirki çempiony Turiniň “Ýuwentusy” hasaplanylýar. Häzirki sanawda “Ýuwentus” birinji orny eýeleýär, ikinji orun bolsa “Lasio” degişli.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir