Beýni üçin howply bolan iýmit atlandyryldy

Alymlar haýsy iýmitiň intellekt üçin ýaramsyz ýagdaýa getirýändigini anykladylar, bu barada Topnews neşirine salgylanmak bilen limon.postimees.ee habar berýär.
Amerikan alymlary iýmit önümleri bilen olaryň demensiýanyň (huşsuzlyk) döremegine täsiri nukdaýnazaryndan geçiren tejribeleriniň netijesini neşir etdiler. MedicalXpress saýtynyň habar bermegine görä, alymlar ýeralmany, kökäni, piroglary we “işlenilen” eti söýüjiler demensiýadan has köp ejir çekýärler diýen netijä geldiler.
Eksperimente ortaça ýaşy 78 bolan demensiýaly 209 adam we şol bir ýaşda, ýöne bu keseliň alamaty bolmadyk 418 adam gatnaşdy. Tejribeden geçýänlere anketany doldurmagy tabşyrdylar we olar onda özleriniň gündeki menýusyny görkezdiler. Mundan başga-da, olar ýygy-ýygydan lukmanlaryň gözegçiliginden geçdiler.
Analiziň netijesi boýunça, alymlar demensiýaly garrylaryň günde tüssede kakadylan iýmit önümlerini, paşteti, şöhlat önümlerini, süýjülikleri we alkogoly kabul etmegi özlerine makul hasaplaýandyklaryny anykladylar. Ikinji topar bolsa rasionda miweleriň, gök-önümleriň, deňiz önümleriň we “işlenilmedik” etiň bolmagyny halaýan ekenler.
Bularyň ählisi alymlara gök önümlere, miwelere, hoza, balyga esaslanýan berhiz demensiýanyň öňüni almakda peýdaly diýen netijäni çykarmaga mümkinçilik berdi. Fast-fuda degişli bolan önümler bolsa ýadyň häsiýetlerini ýaramazlaşdyrýar we beýniniň umumy işini kynlaşdyrýar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir