W.Putin iş däl günleri 11-nji maýa çenli uzaltdy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 6, 7 we 8-nji maýy koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda iş güni däl diýip yglan etdi. Umumy iş däl günleri 11-nji maýa çenli dowam eder. Bu barada kommersant.ru habar berýär. Ilkibaşda döwlet ýolbaşçysy 30-njy martdan 5-nji aprele çenli iş hepdesi däl diýip yglan etdi, soň bu möhlet aýyň ahyryna çenli uzaldyldy.
Prezident hökümete 5-nji maýa çenli hereket edýän çäklendirmeleri 12-nji maýdan tapgyrlaýyn aýyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
“Biziň öňümizde uly maý baýramçylyklary, olaryň arasynda bolsa iş günleri bar: 6, 7 we 8-nji maý. Biz adaty ýagdaýda-da köp adamlaryň rugsat alyp işlemejekdiklerini bilýäris. Häzir bolsa asla töwekgelçilik etmeli däl. Şonuň üçin bu üç güni aýlyk töleglerini saklamak bilen iş güni däl diýip yglan etmegi dogry hasaplaýaryn” – diýip, Prezident W.Putin belleýär.
Özüňi üzňelikde saklamak režimi 11-nji maýa çenli uzaldyldy. 13-nji maýa çenli galmagally işlere çäklendirmeler berkleşdirilýär, olary günde adaty sekiz sagada derek dört sagat geçirmek bolar. Daş aralykdan bilim berme hem 1-nji maýdan 11-ine çenli geçirilmez.
“Özüňi üzňelikde saklamak režimini uzaltmak boýunça men ýurduň Prezidentiniň çözgüdini goldaýaryn we hatda adamlaryň baýramçylykda dostlary bilen bile wagt geçirip, kesellemek mümkinçiligini ýokarlandyrmazlyklary üçin maý dynç alyş günlerinde düzgünler has berkidilmeli diýip hasaplaýaryn” – diýip, saglygy goraýyş boýunça Döwlet dumasynyň komitetiniň agzasy aýdýar.
Belläp geçsek, Ýeňiş gününde Russiýanyň şäherlerinde awiaparad geçiriler. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin 9-njy maýda baýramçylyk salýutynyň guraljakdygyny habar berdi we COVID-19 bilen bagly ýagdaý howp salmasyny bes edenden soň Ýeňiş paradynyň geçiriljekdigini belledi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir