Ependi Gündogarda we onuň çäklerinden daşarda-da giňden tanalýan Hoja Nasreddiniň ýörgünli adydyr. Bize gelip ýeten rowaýatlara salgylansaň, oňa gabat gelenine hemme kişi, meselem, gedem emeldarlar gaty bir begenip durmandyrlar, çünki käte onuň kinaýaly gürrüňleri ýa-da her hili oýunlary bilen olary kyn güne salypdyr. Ýöne Hoja Nasreddin päk ýürekli, adalatly adam bolupdyr. Baýlaryň hannaslygynyň üstünden gülýän Ependi halkyň söýgüsini gazanypdyr.

Alp Arslan adyndaky drama teatrynyň döredijilik topary türkmen dramaturgy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň pýesasy boýunça “Ependi, kim sen?” oýnuny sahnalaşdyrdy. Gülküli oýnuň gahrymanlary her gezek gülkünç ýagdaýa düşýärler.

... Ependi bir gezek bazardan eşek satyn alýar. Ýöne kezzap Tersa hoja Hoja Nasreddiniň eşegini ogurlaýar-da, onuň uýanynam öz başyna atýar.

Ependi:

- Weh, meň eşegim hany? – diýýär.

- Gadyrdan, men şol satyn alan eşegiň. Humarly oýunlara baş urup, ata-enemiň bar baýlyk-mülküni utduranymda olar maňa gargyş etdiler welin, men eşege öwrüldim. Indem gudrat bilen adam bolaýdym. Men indi seni hyzmatyňa taýyn.

Onsoň Ependi Tersa hoja bilen Sanjak begiň köşgi sary ugraýarlar. Ependi adamlaryň dilini tapyp, olaryň göwnündäkini aýtdyrmaga ökde eken.

Sanjak beg Ependä:

- Welaýat begi Gaýy Kuwwata halkym menden närazy diýip ýetiripdirler. Indi iliň ýagdaýyny öz gözüm bilen görjek bolýan welin, nätjegimi bilemok—diýýär.

- Ondan aňsady ýok. Sen meniň eşigimi geý-de, bazara bar, menem seniň lybasyňy geýip köşge baraýyn...

Režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň grotesk-metafora usulynda goýan täze oýny tomaşaçylaryň halýan oýunlarynyň birine öwrüldi. Munda oýun goýujy nakgaş Mekan Annnamyradowyňam hyzmaty az däl. Mekan orta asyr Gündogar şäheriniň köçesini şekillendirende öýleriň ýanyndaky daragtlary, araba tigrini üýttgeşik usulda çekip, giňişlige uly göwrüm beripdir. Türkmen sahna bezeginde şeýle tilsim ilkinji gezek ulanylýar.

Ady belli wäşi Ependiniň keşbini döretmek Çaryýar Annnamyradowa miýesser edipdir, ol bu işe bar yhlasyny siňdiripdir. Ependiniň dogumly, adamsy üçin bar zada taýýar aýaly Heýjanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa döredipdir.

Zehinli döredijilik toparynyň täze oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir