Jeff Bezos we Ilon Mask pandemiýa garamazdan öz baýlygyny artdyrdylar

Käbir amerikan milliarderleri, şol sanda Jeff Bezos we Ilon Mask hem düýpli ykdysady zyýan ýetiren koronawirus pandemiýasyna garamazdan, özleriniň emlägini ep-esli artdyrdylar. Bu barada, Trendiň TACC-a salgylanmak bilen habar bermegine görä, Institute for Policy Sudies (“Syýasy derňewleriň Instituty) amerikan hökümeti däl guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Onda ABŞ-daky emläk deňsizligine üns güýçlendirilýär.
Derňewçiler 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2020-nji ýylyň 10-njy apreline çenli döwürde ABŞ-nyň 170 sany baý milliarderleriniň 34-siniň emläginiň on million dollar ýokarlanandygyny belleýärler. Hasabatda bu şahslaryň sekiz sanysynyň “$1 mlrd-dan hem ýokary” baý bolandyklary bellenilip geçilýär. Bu sanawa Amazon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos, onuň ozalky aýaly Makkenzi Bezos, Zoom serwisini dörediji Erik Ýuan we Microsoft kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Stiw Balmer girdi. Mundan başga-da, sanawa Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, şeýle-de biznesmenler Jon Albert Sobrato, Joşua Harris we Rokko Kommisso girizildi.
Guramanyň wekilleri degişli döwür boýunça Bezosyň emläginiň $10 mlrd, 15-nji aprele çenli bolsa $15 mlrd ýokarlanandygyny belläp geçýärler. “Kiçi biznesleriň ýüz müňlerçe kärhanalarynyň ýapylmagy Amazon kompaniýasyna bazar paýyny artdyrmaga, önümçilik zynjyrynda tutýan ornuny berkitmäge, şeýle-de nyrhlary emele getiriş gurşawynda sarp edijileriň üstünden hökmürowanlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär” – diýlip bellenilýär.
Guramanyň hasaby boýunça, Ilon Maskyň emlägi $5 mlrd ýokarlandy. Munuň sebäpleriniň biri, Teslanyň öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlary çykarmagy boldy. Erik Ýuanyň emlägi $2,58 mlrd artdy. Hasabatda bellenilişine görä, ilkinji gezek şu ýylyň birnäçe aýynyň dowamynda Zoom serwisinden 2019-njy ýyla garanda has köp adam peýdalandy.
Hasabatda derňewçileriň hasaplamalarynyň Forbes žurnalyndaky maglumatlara esaslanýandygy nygtalýar. Syýasy derňewleriň Institutynda amerikanlaryň ep-esli böleginiň maliýe kynçylygy bilen çaknyşýandyklary bellenilýär. Bu mesele pandemiýanyň döreden ykdysady çökgünliginiň esasynda emele geldi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir