Ýurdumyzda adam saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şonuň üçin hem Awaza, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Farap, Daşoguz ýaly şypahanalar ynsan saglygynyň hyzmatyna goýlan diýip sözüň doly manysynda aýtsak dogry bolsa gerek. Bulardan başga hem Bäherden etrabynda Köpetdagy oturan etrap merkezinden günorta–gündogarda takmynan 25-30 kilometrlikde ýerleşýän, tebigy gözelligi bilen tapawutlanýan, jana şypaly düzüminde kükürt, kaliý, kalsiý, natriý saklap adamlara dürli kesellere esasan hem deri kesellerine şypa beriji «Köw ata» ýerasty kölüdir. Deňiz derejesinden takmynan 55 metr çuňlukda gowagyň içinde, girelgesinden 175 metr uzaklykda ýerleşýän, täsinligi bilen göreni haýrana galdyrýan bu täsin köl hem häzirki döwürde ähli ýerlerden gelip görmek üçin isleg bildirilýän ýerleriň birine öwrüldi. Köne rowaýatlara görä «Köw ata» ýedi doganyň biridir: «Arçman ata», «Gotur ata», «Pantyş ata», «Köw ata», «Goçgar ata» we «Parh ata». Şu täsinligi hem gözelligi görmek üçin her gün gelip gidýänleriň sany sanardan kändir. Ähli gudrat, täsinlik, gözellik baýlyk we keramat biziň ýurdumyzda, topragymyzda bar. Şonuň üçin oňa guwanmak, buýsanmak, gorap saklamak, tebigata aýawly çemeleşip geljekki nesillere ýetirmek biziň ählimiz üçin mukaddes borçdyr. Borjumyzy doly derejede ýerine ýetirmelidiris.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir