Meşhur stadion hassahana öwrüler

Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherindäki dünýä belli stadion “Marakana” wagtlaýynça “covid 19” wirusyndan ejir çekýänler üçin hassahana öwrüler. Stadionyň içinde 400 orunlyk wagtlaýyn keselhana gurlar. Stadionyň ýaşyl meýdançasynyň zyýan görmezligi üçin aýratyn tagalla ediljekdigini ýerli häkimiýetiň degişli ýolbaşçylary belleýärler. 1950-nji ýylda gurlan bu taryhy stadionda Braziliýanyň milli ýygyndysy öz duşuşyklaryny geçirýär. Bu stadionda Rio – 2016 Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hem geçirilipdi.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir