Türkmenistan COVID-19 pandemiýasynyň ýurda aralaşmagyna garşy netijeli çäreleri görýär
Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak üçin ýagdaýy dolulygyna gözegçilik astyna aldy. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi.
2020-nji ýylyň 19-njy martyndan 30-njy apreli aralygynda Türkmenistan halkara howa gatnawlarynyň ählisini togtatdy. Mundan başga-da, ýurtda öň meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleriniň ählisi (sergiler, ýarmarkalar, sport ýaryşlary, duşuşyklar, konsertler we beýlekiler) ýatyryldy ýa-da has soňrakky senelere süýşürildi. Iri ilatly nokatlaryň töwereginde, şol sanda Aşgabadyň töwereginde goşmaça gözegçilik nokatlary döredildi.
Iri şäherlere we ilatly nokatlara girmezden öň infragyzyl termometrler arkaly sürüjileriň we ýolagçylaryň bedeniniň temperaturasy barlanylýar. Bu howpsuzlyk çäresi içerki howa gatnawlarynda gatnaýan ýolagçylara hem degişlidir.
Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 2020-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji apreli aralygynda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmeklik çäklendirildi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy boýunça Türkmenistanyň Futbol federasiýasy kesgitsiz möhletlere çenli ähli görnüşdäki ýaryşlaryny, şol sanda milli çempionaty geçirmekligi togtatdy.
Mekdeplerde çagalara arassaçylyk düzgünleri wagyz edilýär, aýratyn hem elleriňi sabyn bilen ýuwmagyň wajyplygy düşündirilýär.
Ýerli habar beriş serişdelerinde BSGG-niň, ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary yzygiderli berilýär.
Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly amala aşyryldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ýagdaýa görä, dünýäde koronawirus ýokanjynyň 697244 ýagdaýy hasaba alyndy. Ýogalanlaryň sany 33 müň 257-ä ýetdi. COVID-19 ýokanjy 204 döwletde ýüze çykaryldy.
Degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir