Dünýä täzelikleri: Bernar Arnonyň girdejisi bir günde 11 milliard dollar artdy, ýöne...
«Louis Vuit­ton Mo­et Hen­nes­sy» (LVMH) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry, Ýew­ro­panyň iň baý ada­my Ber­nar Ar­no­nyň baý­ly­gy bir gü­nüň için­de 11,3 mil­liard dol­lar kö­pel­di ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.

«Bloom­berg» ha­bar­lar agent­li­gi­niň ýaz­ma­gyna gö­rä, mu­ňa gaz­na söw­da­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ösü­şi se­bäp bo­lup­dyr. Bu ga­za­ny­lan peý­da tary­hy re­kord ha­sap­lan­sa-da, ge­çen aý­ky ha­saba al­nan yk­dy­sa­dy çök­gün­lik ze­rar­ly, Ar­no­nyň ýi­ti­ren baý­ly­gy­nyň öwe­zi­ni do­lup bil­me­di. Ge­çen ýy­lyň ýa­zyn­da Ar­no­nyň umu­my baý­lygy 100 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ba­ha­la­nan bol­sa-da, ol üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň few­ral aýyn­da baý­ly­gy 100 mil­liard dol­lar­dan geç­ýän milliar­der­le­riň sa­na­wyn­dan çy­kyp­dy. 25-nji mart ýag­da­ýy­na gö­rä, onuň baý­ly­gy 70 mil­liard dollar ba­ha­lan­ýar.

Şeý­le-de gaz­na söw­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ame­ri­ka­ly ma­ýa go­ýu­jy Uor­ren Bafe­tiň baý­ly­gy 6,5 mil­liard dol­lar, «Za­ra» dükan­lar top­lu­my­nyň eýe­si Aman­sio Or­te­ga­nyň baý­ly­gy 5,9 mil­liard dol­lar ýo­kar­la­nyp­dyr.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir