Dünýä täzelikleri: «BMW» logosyna üýtgeşme girizdi
Go­laý­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «BMW» aw­to­mo­bil kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze nyşa­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze ny­şa­ny­nyň üýt­ge­şik ta­ra­py — on­da ga­ra reňk açyk reňk bi­len çal­şy­lyp­dyr ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.

Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri­niň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, açyk reňk­dä­ki tä­ze ny­şan san­ly teh­no­lo­gi­ýa ba­zaryn­da­ky ýaş te­le­ke­çi­le­ri özü­ne çek­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Hä­zir­lik­çe täze­le­nen lo­go kom­pa­ni­ýa­nyň di­ňe «BMW i4» aw­to­mo­bi­lin­de ula­ny­lar. Öňü­miz­dä­ki ýyl­dan «BMW i4» aw­to­mo­bil mo­de­li köp­çü­lik­le­ýin iş­läp çy­ka­ry­lar.

Mag­lu­mat üçin aýt­sak, «BMW» kom­pa­ni­ýa­sy Karl Frid­rih Rapp hem-de Gus­taw Ot­to ta­ra­pyn­dan 1916-njy ýyl­da esas­lan­dy­rylýar. Kom­pa­ni­ýa öz lo­go­sy­ny mun­dan öň 1997-nji ýyl­da tä­ze­läp­di.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir