Deryanyn boyunda yasayan we deryanyn bir kenaryndan beyleki kenaryna yolagcy gatnatmak arkaly guzeranyny dolandyryan bir garry gayykcy gayygyndaky kureklerin birine\"ynam\",Beylekisinede\"Zahmet\"sozlerini yazypdyr. Munun sebabini soranda musakgatly gunleri arka atan yasuly: Deryanyn beyleki kenaryna gecmek ucin iki kurekde zerur.Zahmetsiz ynam we ynamsyz zahet sizi maksada yetirmez. Durmus yoluna yeke kurek bilen cykmak hem deryany yeke kurek bilen gecmage synansmakdan tapawutsyzdyr- diyip jogap beripdir. Men pikirimce kimdir birinin ynamyna girmek ynamyny odemek bu bir mertlik,yone oz ozune ynam edip bilmek bu bir bagt,men hem sol bagta yetsem Allajan ozin guyc kuwat ber. Men hem \".......................\"Ynanyadym.
Ynam we zahmet.
-
turkmenbalasy
16 years ago
- ynanmak başarmakdyr ýöne akylly we hasaply garap şona göra hereket eden yagdayinda...
-
jankaka
16 years ago
- ilk once kendine guwenin olmali kendine guvenmeyen baskalarina asla guvenemez ve hayatda basarili olamaz
-
Wepa
16 years ago
- Dursun senden şeýle zatlary diňe inte-de tanyşyp bolýan bolsa onda seniň bilen görüşjegem däl. tüweleme menden beter duýguçyl öýtýän.
-
**submarine**
16 years ago
- ýen bolsamtüweleme...
siziň ýaly pikir ýötetmegi we pikirlerini başgalary bilen paýlaşmagy başarýanlaryň barlygyny görenleriň ýüregine suw serpilen ýaly bolýar, gelejege umyt bilen garamaga höweslenýärler. Emma ýazan ýazgyňyzyň soňky sözleminde ýerine diýip Yaradanyň adynyny baş/uly harp bilen ýazan bolsaňyz has hem ýerlikli bolardymyka diýýän. İň azyndan Alla Tagala garşy sylag borjumyzyň barlygyny ýadymyza salmagymyza sebäp bolup bilerdiňiz we amal depderiňize belki-de kiçirägem bolsa sogapjagaz ýazylardy...
göwnüňize degäýen bolsam bagyşlaň...
-
**submarine**
16 years ago
- öňki ýazan jogabyma düzeltýän, käbir ýazan sözlemlerim yşaratlar sebäpli isleýşim ýaly çykmandyr.
tüweleme...
siziň ýaly pikir ýötetmegi we pikirlerini başgalary bilen paýlaşmagy başarýanlaryň barlygyny görenleriň ýüregine suw serpilen ýaly bolýar, gelejege umyt bilen garamaga höweslenýärler. Emma ýazan ýazgyňyzyň soňky sözleminde allajan özüň güýç...ýerine Allajan özüň güýç...diýip Yaradanyň adynyny baş/uly harp bilen ýazan bolsaňyz has hem ýerlikli bolardymyka diýýän. İň azyndan Alla Tagala garşy sylag borjumyzyň barlygyny ýadymyza salmagymyza sebäp bolup bilerdiňiz we amal depderiňize belki-de kiçirägem bolsa sogapjagaz ýazylardy...
göwnüňize degäýen bolsam bagyşlaň...
-
ata
16 years ago
- tüweleme, örän oňat ýazgy ekeni, gowy sapak hem berýär, berekellah!
Men hem bu mowzuga 3-nji küregi goşmak isleýärin - \"umyt\".
Aslynda, şu umydy \"ynam\" küreginiň bir bölegi diýip kabul edäýeliň dym bolmasa:)
Umyt barada öňki ýazanlarymdan:
Ayat bar bu babatda:\"Ey, Mana ynananlar(mominler), Allahdan ymydynyzy kesman!...\" we yene-de biz ynsanlara Yaradan sheyle seslenyar:\"Bu babatda Gurhanda sheyle diyilyar:
قُلْ يَا عِبَادِيَ الَّذِينَ أَسْرَفُوا عَلَى أَنفُسِهِمْ لَا تَقْنَطُوا مِن رَّحْمَةِ اللَّهِ إِنَّ اللَّهَ يَغْفِرُ الذُّنُوبَ جَمِيعاً إِنَّهُ هُوَ
الْغَفُورُ الرَّحِيمُ
yagny:
\"Eý, meniň Resulym, olara) Şeýle diý: Eý, öz nebislerini (günä baryny gazanyp) isrip eden bendelerim! Allahyñ Rehmetinden umudyñyzy kesmäñ! Ol Allah ki, (siziñ eden) hemme gunäleriñizi (ýene-de siziñ yhlas bilen toba etmegiñiz sebäpli) bagyşlar! Ol, hakykatdan hem, örän Gafur (hemme günäleri bagyşlaýan) we Rahym (örän merhemetli)dyr.\" (Zümer, 53)
Ynha, ynam baradaky Biribaryn bize goldawy!
Mehmet Akif ersoy ozunin bir goshgusynda umyt barada sheyle yazyar:
Umytsyzlyk bir batgadyr, yikylsan gark bolarsyn,
Islegine guycli baglan, shonda name gorersin?
Yashayanlar hemishe umyt bilen yashar,
Umytsyz bolan ruhyny, wyjdanyny baglar(kementlär)!
M.Akif abshga bir goshgusynda \"umytsyz\" ynsany \"yashap yoren oli\" bn den goryar, ynha:
\"Ey, yashayan oli, iki el bir bash ucindir,
El hem senki, hem-de basham senkidir.
Ol name ucin gayratyn beyle dowamsyz!?
Senmi ya-da umydyn, haysy yureksiz!?\"
Umytsyz ynsan barada uly adamlar kop zat aydyp gecipdirler. Yadyma dushen 1-2 sanysyny yazayin:
-Umytsyzlyk, bu ynsanyn maddi we ruhy taydan osup bekemegine in uly pasgelciliklerden biridir, hatda, ynsany bu yolda paralic(felc) eder!
(bashgacarak manysy - Iki ayagyny mazara sallap oturan betbagtlar yaly bolyar umytsyz ynsanlar)
-
ata
16 years ago
- Ynam barada G.Eziziň goşgusy bara ekeni, bu ýere-de goýaýyn:
Ynam
Men ony goradym ýaman gözlerden
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan
Goradym göripleň gargaýyşyndan
Ýakynlarymdanam goradym ony
Goradym doslarmyň ýylgyryşyndan
Hiç bir zada rowa görmedim ony
Bişişini synlap ullakan almaň
Şol uly alma-da gorkuly garap
Ony ähli zatdan goradym, arman
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap
Hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birimiz tanaman, nobata durus
Geliň, syr saklaman, alalyň boýun
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs!
Biz jeza bar jezalaňňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl mümkin,
Ony goramalay beýni hem ýürek
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
Harmandali 16 years ago- Yokarda belgilere derek Dunya, Dursun diyip yazypsyn weli siz ikiniz doganmy ya-da ekizmi?!
Bir kinoda “kimdir birinin ynamyna girmek ansat, ony yitirmegem ansat saklamak welin KYN” diyya. Ynam gowy zat esasan hem ozune ynamyn bolmasa aljak galan yok. Yone kor ynamdan peyda yok.