UFC-niň ýolbaşçylary, aýratynam prezidenti Dana Waýt russiýaly Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Toni Fergýusonyň arasyndaky tutluşygy geçirmek üçin tagalla baryny edýärler. Ozal habar berlişi ýaly, 18 aprelde geçirilmeli edilen tutluşyk Nýu-Ýorkda guralmalydy. Ýöne ýerli häkimiýet tutluşygyň tomaşaçysyz hem bolsa, Nýu-Ýorkda geçirmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdypdy. Ýüze çykan soňky habarlara görä, tutluşygy tomaşaçysyz Floridada geçirmeklik göz öňünde tutulýar. UFC 249 ady bilen geçiriljek tutluşyk geçirilen ýagdaýynda Floridanyň Orlando, Tampa ýa-da Jeksonwill şäherleriniň haýsy hem bolsa birinde guralmagy mümkin. Şunlukda, köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Habib–Fergýuson tutluşygyň nirede geçiriljekdigi, hatda-da geçirilip-geçirilmejekdigi öňümizdäki günlerde aýdyň bolar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir