-Ýiti respirator ýokanç keselleriň alamatlary ýüze çykanda öýuňizde galyň. Siziň işjeňligiňiz peselýar we işdeşleriňize sizden wirus ýokuşmagy mümkin. Bedeniňize agram köp berseňiz, haýal sagalarsyňyz.

- Lukmany çagyryň. Diňe hünärmen lukman size öz aýratynlyňyzda bejergi belläp biler. Ýagdaýyňyz agyrlaşsa öz-özüňizi bejermek bilen meşgullanmaň.

- Çalt sagaljak bolup özbaşdak derman ulanmaň. Sowuklamany ýa dümewi bir günde ýa birnäçe sagatda bejerip bilýan ýekeje-de derman ýokdur. Käbir dermanlaryň ýaramaz täsiri, ýa-da olary ýalňyş ulanmaklyk saglyga has uly zeper ýetirýar.

- Güýçli täsir edýan dermanlary özüňizçe ulanmaň. Mysal üçin antibiotikleri, olaryň gripp keselinde peýdasy ýokdyr. Ýa-da organizme peýdaly mikroblary öldürip zyýan etmegi mümkin. Olary çagalara we gartaşanlara ulanmaly däl, uly adamlara bolsa diňe lukmanyň maslahaty boýunça ulanmaly. Sebäbi birnäçe dermanlar dümewiň wirusyna täsir edenok.

- Keseli aýak üstünde geçirmäň. Öz bedeniňize kesel bilen göreşmäge mümkinçilik beriň. Ýiti respirator ýokanç keselleriň wiruslaryň esasy nyşana alýan ýurek-damar, nerw we endokrin ulgamlarydyr. Gaýraüzülmelerden gaçjak bolsaň fiziki agramlylygy azaltmaly.

- Öz bedeniňize seresaplyk bilen kömek ediň. Adamyň bedeni elmydama öz güýçleri bilen kesel bilen göreşýandir. Siz diňe zyýansyz dermanlary ulanyp oňa kömek edip bilersiňiz. Şonuň üçin sowuklasaňyz ýa dümewleseňiz birinji bilen wagtynda alamatlaryny bejerip başlaň.

- Gripp (dümewe) garşy sanjymlary geçiň. Bu size keseliň öňüni almaga, ýa-da ýeňil geçirmäge kömek eder. Saglygyňyzy gorap, şu düzgünleri berjaý etseňiz, sagalmagyňyz çalt we ýeňil geçer.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir