Dümew keseli ähli ýokanç keselleriň arasynda ýaýramagy boýunça öňde durýan keselleriň biridir. Kesel döredijiniň haýsy görnüşidigine garamazdan, ýokanjyň girelgesi ýokary dem alyş ýollary bolup durýar. Şol sebäpli ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen, üsgürilende, asgyrylanda, gürleşilende we gündelik ulanylýan öý goşlarynyň üsti bilen ýokaşýar. Ýokarky dem alyş ýollaryň epitelial öýjüklerinde wiruslar köpelýär. Ýiti respirator kesellerini döredýän wiruslaryň ählisiniň hem ýaşaýyş ukyby 2 günden 7 güne çenlidir. Adamlarda keseliň kliniki ýüze çykmalary dürli görnüşde bolup, bu adam bedeniniň immunitetine, ýaşyna we özünde öňden bar bolan dowamly kesellerine bagly bolup durýar. Dümew keselinde beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, üşütme, umumy ysgynsyzlyk, kelleagyry, burnundan nem akmak, bokurdakda agyry we başga-da şuňa meňzeş alamatlar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda eger-de dümewlän adam lukmana ýüz tutup bejergi almasa, keseliň her hili agyr gaýraüzülmelere, ýagny bronhlaryň, öýkeniň hem sowuklamagyna getirip bilýär. Şonuň üçin hem keseliň onuň öňüni almak zerurdyr. Keseli özbaşdak bejermekden saklanmaly, diňe lukman näsaga bejergi belläp, degişli maslahatlary berip biler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir