Wirus barada bilmeli maglumatlaryňyz:
Koronawirusyň täze howply görnüşi ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde tapyldy.
Täze ýüze çykan howply keseli Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Koronawirus ýagny “COVID-19” diýip atlandyrýar. “COVID-19” – bu Koronawirus keseliniň gysgaltmasydyr. Bu gysgaltma “CO” – korona, VI – wirus, D – kesel diýen manyny aňladýar. Esasy alamatlary: Gyzdyrmak, üsgülewik, dem alyşda kynçylyk. Gorag maskasyny dakmak sizi keselden goramaýar. Muny diňe wirus ýokuşan adam başgalaryna geçirmezlik maksady bilen dakynyp biler!

Ýokanç kesellerden goranmak üçin:
Eller ýygy-ýygydan sabynlanyp durmaly, oksolin melheminden (mazyndan) peýdalanmaly. Otaglary wagtly-wagtynda şemalladyp, dermanlyk ýüzärlik tütedip durmaly. Witamine baý önümleri iýmeli.
Koronawirus keseli gysga wagtda 185 döwlete ýaýrady we köp adam pidalaryna getirdi. Häzirki wagtda dünýäde 276474 adamda keseliň wirusy bardyr. (11417 adam pidasy 21.03.2020, 11:40 sagada çenli, maglumat çeşmesi: www.worldometers.info)

Häzirki wagtda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler alnyp barylýar. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Esasy bellemeli zat hem, Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen bagly howply keseliň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady.

Çeşme: Ashgabat.in saýty

Koronawirus keselinden goranmaklyk üçin bu ýokarda görkezilenleri ýerine ýetiriň!

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir